1853–1856-njy ýyllarda Krymda gazaply uruş barýan döwründe, ýarymada bilen gyzyklanýan iňlisleriň bilesigeljiligini kanagatlandyrmak üçin, Londonyň çaphanasy suratkeş Karlo Bossoliniň Krym şäherlerini we onuň tebigatyny şekillendirýän işlerini ýygnady. Takmynan iki asyr geçensoň, Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri zerarly ýene-de bir uruş döwründe, bu toprakdaky ýerleriň köpüsiniň ady habar serişdelerinde baş mowzuga öwrüldi.