Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konstitusiýa, Baýdak güni, Pyragynyň ýubileý toýy mynasybetli içerki migrantlar paýtagtdan kowulýar


Bezeg suraty. Türkmenistan.
Bezeg suraty. Türkmenistan.

Konstitusiýa we Baýdak gününiň bosagasynda, hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň fonunda, içerki migrantlar paýtagtdan kowulýar, welaýatlardaky býujet işgärleri medeni çärelere mejbury gatnaşmak üçin Aşgabada iberilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji maýda maglumat berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni 18-nji maýda bellenilýär. Bu sene mynasybetli edara-kärhanalarda we guramalarda işlenilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Aşgabatda geçirilýän medeni çärelere günbatar sebitden 500 çemesi býujet işgäriniň mejbury tomaşaçy hökmünde iberilendigini habar berýär. Şol bir wagtda, bu çäreler bilen baglylykda welaýatlardan paýtagta gelip zähmet çekýän içerki migrantlar gyssagly ýagdaýda öz ýaşaýan welaýatlaryna mejbury iberilýär.

Aşgabadyň polisiýasy içerki migrantlary paýtagtdan çykarmak işlerini geçen hepdäniň anna gününden (10-njy maýdan) bäri batly depginde alyp barýar.

“Polisiýa işgärleri gurluşyk meýdançalaryna aýlanyp, içerki migrantlary ele salmak we olary öz ýaşaýan welaýatlaryna ibermek çärelerini ýygjamlaşdyrdy. Aşgabatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy gurluşyk işgärlerine salgylanýar.

“Polisiýa içerki migrantlaryň paýtagtyň görküni gaçyrýandygyny aýdýar” diýip, welaýat ýaşaýjylary aýdýar.

Häkimiýetler Aşgabatda geçirýän halkara medeni çäreleriniň fonunda, içerki migrantlaryň, hususan-da daşary ýurtly myhmanlaryň gözüne görünmeziligini gazanmaga çalyşýarlar.

“Ýurduň sypatyna erbet täsir ýetirýärsiňiz!” diýip, paýtagtdan çykarylan içerki migrantlar polisiýa tarapyndan özlerine aýdylan sözleri getirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary öz çeşmelerine salgylanyp, 18-nji maý – 25-nji maý aralygynda Aşgabatda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýändigini, bu möhüm seneleriň öňüsyrasynda häkimiýetleriň paýtagty içerki migrantlardan arassalamak işlerini doly tamamlamagy meýilleşdirýändiklerini habar berýär.

Polisiýa tarapyndan tutulan welaýat ýaşaýjylary köne awtobuslarda öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar.

Ýurduň keşbine şek ýetirmekde aýyplanýan içerki migrantlar, welaýat ýaşaýjylary paýtagtdan çykarylýan mahaly, welaýatlarda ýerleşýän edara-kärhanalardaky býujet işgärleri möhüm seneler mynasybetli geçirilýän dabaralara mejbury tomaşaçy hökmünde gatnaşmak üçin paýtagta iberilýär.

“Medeniýet işgärleri, belli-belli şahyrlar, magaryf işgärleri we harbylar Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralara, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada iberilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy maglumat berýär.

Sanly ulgam arkaly 25-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, 18-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, baýramçylyk konsertleri, şeýle-de durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär. Bu barada döwlet telewideniýesi habar berdi.

Şeýle-de, şondan bir gün ozal, 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 metrlik ýadygärliginiň açylmagyna garaşylýar.

Döwlet metbugatyna görä, bu seýilgähde Pyragynyň täze ýadygärligi bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň hem heýkelleri ýerleşdirilipdir. 10-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde bu seýilgähde gurluşyk we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleriniň tamamlanandygy habar berildi.

25-nji maýda Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenip geçilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG