Kadyrowlar maşgalasy 1999-njy ýylda FSB-niň başlygynyň orunbasary German Ugrýumowyň we Lazan jenaýat toparynyň ýolbaşçysy Möwladi Atlangeriýewiň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlardan soň, Çeçenistanda häkimiýet başyna geldi diýip, «Proýekt» neşiri öz barlaglarynda tassyklaýar.
Žurnalistler Russiýanyň ýörite gulluklarynyň Çeçenistanyň geljekki ýolbaşçysy wezipesine kandidat gözlerini iň bolmanda, 1999-njy ýylyň tomsundan, entek Dagystanda we Çeçenistanda harby hereketlere girişilmezinden öň başlanandygyny anykladylar.
Aslan Mashadowyň ornuna respublikada ýolbaşçy bolup biljekleriň arasynda, häzirki çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň kakasy, Çeçenistanyň baş müftüsi Ahmat Kadyrow hem bardy. Ol diňe Orsýetiň ýörite gulluklarynyň şertleri bilen ylalaşandan soň orta çykýar diýip, «Proýektiň» barlagçylary aýdýar.
Gepleşiklere FSB-niň başlygynyň orunbasary German Ugrýumow bilen Lazan çeçen jenaýat toparynyň ýolbaşçysy, rehimsiz jenaýatlary bilen tanalýan Möwladi Atlangeriýew başlaýarlar. Žurnalistleriň tassyklamagyna görä, bu toparyň FSB bilen aragatnaşygy bolupdyr, hut şoňa görä-de, Çeçenistanyň täze baştutanyna kandidatlyk gözlegi beýlekiler bilen birlikde, Atlangeriýewe ynanylypdyr.
«Olaryň [Kadyrow bilen Ugrýumowyň] ilkinji duşuşyklary Atlangeriýewiň Mahaçgaladaky jaýynda bolupdyr, soňra Kadyrow Moskwa getirilýär. Ol Atlangeriýewiň Twer köçesindäki kwartirasynda ýaşapdyr. Şol ýerden ony Putin bilen ilkinji gepleşiklere alyp barypdyrlar» diýip, «Proýekt» ýazýar.
Žurnalistleriň maglumatyna görä, Ahmat Kadyrow uly möçberde sylag teklip edilenden soň, Kremliň Çeçenistana ýolbaşçylyk etmek baradaky teklibi bilen ylalaşmak kararyna gelipdir: oňa uly şäherde (Noworossiysk) arkaýyn reket bilen meşgullanmak mümkinçiligi, bäş million dollarlyk nagt pul we şahsy ulanmagy üçin, Soçide gymmat bahaly jaý hödürlenýär.
Ahmat Kadyrow Çeçenistanyň ýolbaşçysy bolandan soň, FSB bilen gepleşiklere gatnaşanlaryň köpüsi öldi diýip, barlagçylar belleýärler.
«Atlangeriýewiň 2008-nji ýylda Ramzan Kadyrowyň adamlary tarapyndan ogurlanyp, Çeçenistanda öldürilendigi aýdylýar. 1999-njy ýylda Kreml tarapyndan maslahatlara gatnaşan, çeçenlerden belli bolan telekeçi Ziýa Bažaýew biraz wagtdan soň uçar heläkçiliginde aradan çykdy. Ozalky meýdan serkerdeleri Ruslan we Sulim Ýamadaýew doganlar hem Ramzan Kadyrowyň adamlary tarapyndan öldürildi. Kreml ol iki dogana hatda Ahmat Kadyrowdan öň ýüz tutupdy. Ahyrynda Putiniñ hökümetiniñ başynda German Ugrýumow hem birdenkä aradan çykdy» diýip, žurnalistler ýazýarlar.
2000-nji ýylyň iýunynda Wladimir Putin Ahmat Kadyrowy Çeçenistan respublikasynyň administrasiýasynyň başlygy wezipesine belledi. 2003-nji ýylda bolsa ol prezidentlige saýlandy. Emma bir ýyl geçensoň, uly Kadyrow Groznydaky "Dinamo" stadionynda bolan terrorçylykly hüjümde aradan çykdy.
«Proýekt» öz barlagynda Ahmat Kadyrowyň ölüminiň gurnalan bolmagynyň mümkindigini belledi. Žurnalistlere gowşan maglumata görä, Orsýetiň häkimiýetleri çeçen nebitinden gelýän girdejileri Grozna geçirmekden ýüz öwrenden soň, Çeçenistanyň prezidenti bilen Kremliň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşypdyr. «Proýektiň» çeşmesi uly Kadyrowyň Moskwa soňky saparlarynyň birinden haly pes ýagdaýda gelendigini we öz ýoldaşlaryna: «ol ýere gaýdyp gitmerin» diýendigini aýdýar. Şol bir wagtda, barlagçylaryň anyklamagyna görä, Ramzan Kadyrowyň Moskwa bilen gatnaşyklary gowulaşýardy.
Žurnalistler terrorçylykly hüjüme düýpli taýýarlyk görlendigini belläp geçýärler. Barlagda aýdylyşyna görä, ony gurnaýjylar we ýerine ýetirijiler çeçen prezidentiniň stadiona geljek wagtyny we onuň oturjak ýerini anyk bilipdirler. Partlama hut şol ýere-de gönükdirilipdir, onda Ahmat Kadyrow we ýerli Döwlet geňeşiniň başlygy Hüseýin Işaýew öldi.
Geň ýeri, şol gün Ramzan Kadyrowyň kakasynyň ýany bilen stadiona barmandygyny bellemek gerek, ýogsa ol şol döwürde prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi. «Nämälim sebäplere görä, ol Moskwada eken, Groznyda partlama bolandan soň diýen ýaly, ýörite gulluklaryň goragy astynda ony Kremle – Putin bilen duşuşmaga alyp bardylar» diýip, žurnalistler ýazýarlar.
Barlagçylar Ramzan Kadyrowyň dogany Zelimhan Kadyrowyň ölümi barada hem aýdýarlar. Aýdylyşyna görä, kakasynyň ölüminden 3 hepde geçenden soň, Zelimhan Kadyrow, hamana, ýürek agyrysy sebäpli aradan çykypdyr. Zelimhan Kadyrowy gowy tanaýan «Proýektiň» çeşmesiniň gürrüňine görä, doganlar hemişe oňuşman, dawa-jenjel edip gelipdirler. Bir gezek Zelimhan ýaşaýan jaýyndan, diňleýji enjamy tapypdyr.
Ramzan Kadyrowyň häkimiýet başyna gelmegi onuň garşydaşlarynyň başyna birnäçe pajygaly wakalaryň inmegi bilen utgaşdy. Hususan, 2003-nji ýylyň sentýabrynda, çeçen hökümetiniň başlygy Anatoliý Popow agyr zäherlenmeden aman galdy. 2005-nji ýylda Respublikanyň premýer-ministri Sergeý Abramow agyr ýol heläkçiligine uçrady. Şol ýylda Çeçenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Rudnik Dudaýew ýangyn sebäpli aradan çykdy. Şol heläkçilikleriň ählisinden aman galan we pajygaly wakalardan peýdalanyp bilen ýeke-täk adam hemişe Ramzan Kadyrow boldy diýip, barlagçylar belläp geçýärler.
Ahmat Kadyrow Çeçen urşy döwründe, ykrar edilmedik Içkeriýanyň müftüsidi hem-de separatistleriň tarapynda durup, söweşlere gatnaşypdy. Emma soňra Russiýanyň tarapyna geçdi. 2004-nji ýylyň 9-njy maýynda, ir ertir Groznyý şäherindäki "Dinamo" stadionynda ölenden soňra, oňa Russiýanyň Gahrymany ady berildi. Kiçi Kadyrow hem 2004-nji ýylda, atasy ýogalandan soň respublikanyň baştutany bolan wagty Russiýanyň Gahrymany diýen ada eýe boldy.
Şeýle-de, «Proýekt» Kadyrowyň ogly Adamyň goragynda bolan we terbiýelenmegine jogapkär iki adamyň ölendigini tassyklady. Olaryň biri Abdulkerim Edilow, ol Kadyrowyň oglunyň sport bilen türgenleşmegine jogapkärdi. Žurnalistler onuň ölüminiň döwlet hasaba alyş maglumatyndan tapylandygyny tassykladylar. Onuň goragçysy Murat Agmerzoýew 2022-nji ýylyň ahyrynda, dereksiz ýitdi.
2008-nji ýylda Zamira Jebrailowa tarapyndan Adam Kadyrow doglan wagtynda, bary-ýogy 16 ýaşynda eken. Ramzan Kadyrowyň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen gaýta-gaýta ýakyn gatnaşykda bolandygyny barlagçylar aýan etdiler. Fatima Hazuýewa Kadyrowyň ogly Eli üçin göwreli bolanda, 14 ýaşynda eken. Umuman, Hazuýewa oňa dört çaga dogrup berdi. Onuň Jebrailowadan bir çagasy, ýene bir çagasy bolsa aýdymçy Aminat Ahmedowadan doguldy. Neşiriň maglumatyna görä, Kadyrowyň ähli çagalary özleriniň biologiki enelerini tanaýarlar hem-de olar bilen aýry jaýlarda ýaşap bilýär, ýöne jemgyýetçilik çärelerinde olar Medniniň çagalary hökmünde tanyşdyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum