Balkan welaýatynda walýutanyň gara bazar söwdasy bilen meşgullanýan iri 'telekeçiler' Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna 10 müň – 50 müň dollar aralygynda pul serişdelerini geçirmäge mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.
Mejbury çäreler günbatar sebitiň tas ähli etraplarynda amal edilýär we güýç edaralary bu talabyň berk berjaý edilmegine gözegçilik edýärler diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.
“Milli howpsuzlyk we içeri işler edaralary walýutanyň gara bazar söwdagärlerine garşy reýd geçirip, şu wagta çenli döwletiň olaryň bikanun işlerine göz ýumup gelendigini, şonuň üçin Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli olardan Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaznasyna 10 müň - 50 müň dollar aralygynda maliýe serişdelerini geçirmegi talap edýärler” diýip, çeşmeler aýdýar.
Bu talaplar walýuta söwdagärleri bilen bir hatarda ýurduň içinde we daşynda kargo arkaly resmi däl görnüşde pul ibermelerini amal edýän hususy taraplara-da degişli edilipdir.
“Biz halka halal hyzmat hödürleýäris. Biz halka hökümetiň hödürlemeýän hyzmatlaryny hödürleýäris, özi hem tiz we elýeter, muňa garamazdan, kanunlary bahanalap, bizden mejbury haýyr-sahawat talap edýärler. Üstesine, biz polisiýanyň başlyklaryna-da her hepde para berýäris” diýip, walýuta söwdasy bilen meşgullanýan balkanly ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenistanyň hökümeti soňky dokuz ýyl çemesi wagtyň dowamynda ýurduň içinde erkin walýuta söwdasyny çäklendirip gelýär. Bu çäklendirmelere parallel ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Ýurtda daşary ýurt walýutasynyň hakyky hümmeti ýokarlanyp, milli puluň gymmaty barha pese gaçdy.
Hususan-da, daşary ýurtlardan haryt getirýän telekeçiler bu ýagdaýdan ýaramaz täsirlendi. Daşary ýurtlara syýahat edýän adamlar, özge döwletlerde bilim alýan talyplar hem walýuta serişdelerine mätäç galyp, zerur bolan halatynda pul söwdagärlerine ýüz tutmaly boldy.
Şol bir wagtda daşary ýurtlarda zähmet çekip, yzda galan maşgala agzalaryna pul iberýän türkmenistanlylar hem bikanun pul söwdagärleriniň hyzmatlaryndan peýdalanmaly boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanda walýutanyň gara bazar söwdasy özbaşyna bir ulgama öwrülip, ýurtda iri walýuta söwdagärleri peýda boldy.
Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat hökmünde kesgitläp gelýär, ýöne gara bazarda dollaryň bahasy resmi kursdan 5-6 esse çemesi ýokary bolmagynda galýar.
Iri pul söwdagärlerinden haýyr-sahawat hökmünde talap edilýän 10 müň – 50 müň dollar aralygyndaky maliýe serişdeleri resmi baha boýunça 35 müň – 175 müň manada, gara bazar bahasy boýunça takmynan 195 müň – 975 müň manada deň bolýar.
Deňeşdirmek üçin aýtsak, meselem, iýul aýynda Arkadag şäherinde üç otagly kwartiranyň bahasynyň 5 million 450 müň manat çemesi bolandygy mälim bolupdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat guramasyna 50 müň dollar möçberinde pul serişdesini geçirmeli bolýan walýuta söwdagäri Arkadag şäherinde ýerleşýän gymmat bahaly jaýyň ortaça bahasynyň bäşden bir bölegini Gurbanguly Berdimuhamedowa haýyr-sahawat hökmünde bermeli bolýar.
Şeýle talaplara mejbur bolup, resmi däl ykdysady işjeňlik bilen meşgullanýan pul söwdagärleri ýapyklykdan hem-de gorky we mejburylyk astynda iş alyp barmakdan özleriniň ýadandyklaryny aýdýarlar.
“Biziň ýurdumyzda döwletimiz hususy banklaryň açylmagyna, pul geçirim hyzmatlarynyň işe girizilmegine we daşary ýurt walýutasynyň erkin alyşylmagyna rugsat bermeýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlarda hem hususy taraplara, işewür telekeçilere şeýle mümkinçilikler döredilýär. Bizde bolsa, ähli meseleler Arkadagdan çözülýär” diýip, Balkanda pul söwdasy bilen meşgullanýan bir erkek adam aýdýar.
Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary sentýabr aýynyň ortalarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde walýuta söwdasy bilen meşgullanýan adamlara garşy polisiýa reýdleriniň geçirilip başlanandygyny habar beripdiler.
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna niýetläp, mundan ozal býujet işgärlerinden hem pul ýygnalypdy.
Bu haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan, döwlet metbugatyna görä, mundan ozal ukrain çagalaryna, türk, owgan we palestin halklaryna haýyr-sahawat ýardamlary iberilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum