Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iri telekeçiler, ýokary wezipeli emeldarlar Arkadag şäherinden jaý satyn almaga höweslendirilýär


"Döwlet ähmiýetli" Arkadag şäherine bäş milliard dollar çemesi döwlet serişdeleri sarp edildi.
"Döwlet ähmiýetli" Arkadag şäherine bäş milliard dollar çemesi döwlet serişdeleri sarp edildi.

Aşgabatda ýerleşýän iri hususy kärhanalaryň eýeleri we ýokary wezipeli döwlet emeldarlary Arkadag şäherinden täze ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga höweslendirilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, 23-nji iýulda maglumat berdi.

“Prezidentiň gözüne girmek isleýän iri hususy kärhanalaryň eýelerinden, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryndan, döwlet emeldarlaryndan hem-de prezidentiň diwanynda işleýän ýokary wezipeli çinowniklerden Arkadag şäherinden jaý satyn almak talap edilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Arkadagdan jaý satyn alan barlykly adamlaryň gazanç çeşmeleriniň derňelmejekdigi, olaryň döwlet salgytlaryndan boşadyljakdygy babatynda wadalar berilýär we höweslendirmeler teklip edilýär. Iri telekeçilere geljekde düşewüntli şertnamalar söz berilýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bu söwdanyň telekeçilere we ýokary wezipeli döwlet emeldarlaryna “pul ýuwmaga” mümkinçilik döredýändigini aýdýar.

“Täze jaý döwlet emeldarlarynyň öz wezipelerinde saklanyp galmagyna mümkinçilik berýär, iri telekeçilere amatly şertnamalary bagş edýär, şonuň üçin olar özleriniň jaý satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmäniň sözlerini sitirledi.

Habarçymyza mälim bolan maglumatlara görä, aýlagdaky arap ýurtlary bilen Türkmenistan arada möhüm söwda işleri bilen meşgullanýan bir ýerli telekeçi ýaňy-ýakynda Arkadag şäherinden üç otagly ýaşaýyş jaýyny 5 million 450 müň manada satyn alypdyr. Häzirki wagtda bu jaýyň umumy bahasynyň diňe 10 göterimi geçirilipdir.

5 million 450 müň manat walýutanyň gara bazar bahasy boýunça takmynan 260 müň dollara, resmi kurs boýunça takmynan 1 million 557 müň 140 dollara barabar bolýar

Çeşmeler iri telekeçileriň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de alyjylar jemgyýetleriniň üsti bilen walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça söwda amallaryny ýerine ýetirmek arkaly uly möçberlerde girdejileri gazanýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary aşgabatly telekeçileriň Arkadag şäherinden täze ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga mejbur edilmegi barada mundan ozal hem birnäçe gezek habar berdiler.

Habarçylarymyz bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir telekeçä görä, paýtagtda ýazgyda duran we üç arkasy barlanyp ‘arassa’ hasaplanan gurply telekeçiler bilen dekabryň başlarynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary tarapyndan ýygnaklar geçirilip, olardan Arkadag şäherinden jaý satyn almaklyk talap edildi.

“Hiç bolmanda bir kottež we bir kwartira satyn alyň. Eger bu talapdan boýun gaçyrsaňyz, patent we lisenziýalaryňyz elleriňizden alnar, firmalaryňyz we kärhanalaryňyz ýapylar, özleriňiz hem gaýdyp döwlet bilen işleşip bilmersiňiz, gara sanawa goşularsyňyz, daşary ýurtlara çykyp bilmersiňiz” diýip, telekeçi şonda ýygnakda özlerine aýdylan sözleri sitirledi.

Şonda bu şäherde iň arzan kottež jaýlarynyň 1 million dollardan, dört otagly kwartiralaryň 350 müň dollardan satylýandygy mälim bolupdy.

Bu aralykda, bir ýyl ozal welaýat ýaşaýjylarynyň Arkadag şäherinden ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp bilmeýändikleri, jaý satyn almaga isleg bildirýän telekeçileriň girdeji çeşmeleriniň ýörite gulluklar tarapyndan yzarlanýandyklary mälim bolupdy.

Şu ýylyň maý aýynda welaýatlardan bolup, Arkadag şäherinden jaý satyn alan adamlaryň jaýlary ellerinden alnyp başlandy.

Bäş milliard dollar çemesi döwlet serişdeleri sarp edilip, bina edilen Arkadag şäheri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda resmi dabara bilen açyldy.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Änew şäherinden Arkadag şäherine göçürildi. Şol ýylyň aprelinde bu şäheriň häkimligi esaslandyryldy. Mart aýynda bolsa bu şäher kanun esasynda “döwlet ähmiýetli şäher” statusyna eýe boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG