Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar


ÝHHG-niň baş sekretary Helge Şmid
ÝHHG-niň baş sekretary Helge Şmid

Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretarynyň Türkmenistana saparyna gabat, Helge Şmidiň adyna ýüzlenme çap etdi.

4-nji martda çap bolan ýüzlenmede Şmide türkmen häkimiýetleriň žurnalistleri we aktiwistleri yzarlamagyny dowam etdirýändigine üns bermäge, şeýle-de Türkmenistanda adam hukuklary babatynda bar bolan meselelerde möhüm özgeriş bolmasa, onda Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meýillerden el çekmäge çagyrylýar.

Onda “2003-nji ýyldan bäri türkmen häkimiýetleriň özüne bäsdeş hasaplaýan ýüzlerçe adamy habar-hatyrsyz tussaglykda saklaýandygy” hem bellenilýär. Mundan başga-da, türkmen resmileriniň häkimiýete garşy tankydy pikir aýdýan raýatlary yzarlanmagyny we gorkuzmagyny dowam etdirýändigi, munuň hem ýurduň içindäki, hem daşyndaky raýatlara degişlidigi bellenilýär.

Ýüzlenmä dünýäniň dürli döwletlerinden bolan adam hukuklary boýunça guramalara wekilçilik edýän 20-den hem aşa adam gol goýdy.

Helge Şmid Türkmenistana 4-6-nji mart aralygynda sapar edýär. Onuň ýokary derejeli türkmen resmileri, şol sanda prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG