Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet mejlisinde ilat ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berildi, sanlar aýdylmady


Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow hepde aýagyndaky hökümet mejlisinde geçen ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi.

Uçdantutma ýazuwda toplanan maglumatlar umumylaşdyryldy we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyryldy diýip, hasabatda aýdyldy. Emma bu görkezijiler metbugatda çap edilmedi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplanan maglumatlaryň demografik, durmuş we ykdysady görkezijilerdäki üýtgeşmeleri görkezmek bilen çäklenmän, milli ykdysadyýeti ýakyn ýyllarda ösdürmek üçin hem möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, orta we uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak maksady bilen, prezident bu maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere hökümetiň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde giňişleýin hasabat bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hem aýan edilmeýär.

Türkmenistanyň soňky ilat ýazuwy 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçirildi.

XS
SM
MD
LG