Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda dört ýyl ozal adam pidalaryna we agyr zeper ýetmelere getiren harasat, heniz hem howanyň global üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň ähmiýetine ünsi çekýär.
2020-nji ýylyň 27-nji aprel güni ýurduň günorta we günorta-gündogar sebitlerine zarba uran tebigy hadysa ilat arasynda her ýylda gussa bilen ýatlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu harasatda otuzdan gowrak adamyň heläk bolandygyny tassykladyp bildiler.
Türkmen häkimiýetleri bu harasat barada asla aç-açan çykyş etmediler we onuň getiren netijelerini, şol sanda adam ýitgilerini resmi taýdan boýun almadylar.
Bu tebigy apat sebite betbagtçylyk we weýrançylyk getiren harasatly hadysa hökmünde hakydalarda galdy. Programmamyzyň nobatdaky sany tebigy hadysanyň dördünji ýyl dönümine bagyşlanýar. Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň habarçysy Reýimberdi Gurbanow gatnaşýar.
Forum