Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi seýrek çykyşynda Eýranyň “yza tesmejekdigini” aýtdy


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi köpçüligiň öňünde çykyş edýär.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi köpçüligiň öňünde çykyş edýär.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi jemgyýetçiligiň öňünde eden seýrek wagzynyň dowamynda, şu hepdäniň başynda öz ýurdunyň Ysraýyla garşy eden raketa hüjümini goldap, munuň “kanuny” bolandygyny aýtdy we “eger-de zerur bolsa” Tähranyň muny gaýtadan hem amal etjekdigini duýdurdy.

Hameneýi bu barada 4-nji oktýabrda Tähranyň merkezinde geçirilen juma namazynyň dowamynda hem parsça, hem-de arapça çykyş etdi. Ol Eýranyň we Tähran tarapyndan goldanylýan sebitdäki proksileriň hem Ysraýyl babatynda yza tesmejekdiklerini aýtdy. Bu ençeme köpçülikleýin howa zarbalarynyň we Ysraýylyň Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýasyny alyp barmagynyň arasynda, Ýakyn Gündogarda uly regional konfliktiň tutaşmak howatyrlaryna gabat geldi.

“Eýran Ysraýyla garşy durmakdaky borjy babatynda ne haýal, ne-de howlukmaç hereket eder” diýip, Hameneýi belledi, we şu hepdäniň başynda Ysraýyla atylan raketa zarbalaryny “kanuny” diýip, häsiýetlendirdi.

Hameneýiň çykyşyndan birnäçe sagat öň, Ysraýylyň Beýrutyň eteklerine uran zarbasynyň netijesinde uly partlamalar döredi we goýy tüsse asmana galdy.

Ysraýylyň harbylary bu zarbalaryň nyşanasy barada maglumat bermediler. Emma käbir media serişdeleri we bilermenler, munuň bilen Hezbollah toparynyň täze lideri boljakdygyna garaşylýan Haşem Safieddineniň nyşana alnan bolmagynyň mümkindigini nygtadylar. Zarbada Sefieddiniň öldürilip-öldürilmändigi häzirlikçe belli däl.

Toparyň öňki lideri Hassan Nasrallah geçen hepde Ysraýylyň Hezbollahyň dolandyryş merkezine uran zarbasynyň netijesinde öldürilipdi. ABŞ bu topary terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ýewropa Bileleşigi onuň diňe harby ganatyny özüniň gara sanawyna girizdi.

Ysraýylyň şu hepde Liwanyň günortasyndaky sebitlere gözegçilik edýän Hezbollaha garşy gury-ýer oprasiýasyna başlamagy, Ýakyn Gündogarda giň gerimli konfliktiň tutaşmak howatyrlaryny döretdi.

Bu aladalar 1-nij oktýabrda Eýranyň Ysraýyla garşy raketalaryň hüjümini amala aşyranyndan soň, hasam ýitileşdi. Tähran munuň Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah jeňçi toparyna garşy kampaniýasyna jogap bolandygyny aýtdy. Bu ýagdaýlaryň arasynda, Ysraýyl, şol sanda onuň ýakyn ýarany ABŞ jogap çäreleri barada duýdurdy.

Hameneýiň 4-nji oktýabrdaky çykyşy onuň soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek köpçüligiň öňünde wagyz etmegi boldy. Ol soňky sapar juma namazynyň dowamynda 2020-nji ýylyň ýanwarynda, Eýranyň ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazasyna eden raketa hüjümi bilen ilteşikli çykyş edipdi. Bu hüjüm Birleşen Ştatlaryň zarbasy netijesinde Bagdatda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň serkerdesi Kasem Soleýmaniniň öldürilmegine jogap hökmünde amal edilipdi.

Bu aralykda, Ysraýyl ABŞ bilen konsultasiýalary geçirip, Eýranyň 1-nji oktýabrdaky hüjümine jogap çärelerini gözden geçirýär.

3-nji oktýabrda Waşingtonda žurnalistleriň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdende Ak Tamyň Eýranyň nebit desgalaryna zarba urulmagyny goldap-goldamaýandygy baradaky beren soragyna, ol: “Biz muny maslahat edýäris” diýip, jogap berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG