Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler abort edýän lukmanlaryň diplomlaryndan mahrum ediljekdigini duýdurýar


Saglyk işgärleri (Illýustrasiýa suraty)
Saglyk işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda göwreli zenanlaryň abort etdirmek mümkinçiligi düýbünden diýen ýaly gadagan edilýär. Soňky hepdelerde häkimiýet wekilleri lukmançylyk edaralaryna aýlanyp, abort edýän lukmanlaryň diplomlaryndan mahrum ediljekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 20-nji awgustda ýurduň dürli welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bu duýduryşlaryndan soň, lukmanlar abort etdirmäge gelýän zenanlary yzyna kowýarlar. Hatda olary kabul hem etmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Saglyk işgärleriniň birnäçesiniň habarçylarymyza gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda çaganyň enäniň göwresinde ösüşi galan bolsa, ýa-da göwräniň içinde çaganyň ýüregi urmaýan bolsa, diňe şonda abort edilmegine rugsat berilýär.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda güýje giren kanun göwreli zenanlaryň abort etmegini bäşinji hepdesinden soň gadagan edýär. Bu ýagdaý, zenanyň islenilmedik göwreliligi togtatmak mümkinçiligini berk çäklendirýär.

“Häzir kanunyň berýän wagt möhleti hem äsgerilmeýär” diýip, başga bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Häkimiýetler bu çäreleriň sebäbi barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýöne aşgabatly lukmanlaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, bular ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň göz-görtele köpelmegi bilen baglanyşykly bolup biler.

“Soňky ýaşlar jynsy gatnaşyga ir başlaýarlar we olaryň köpüsi goranmagy bilmeýärler. Ýöne häkimiýetleriň bu çäreleri abortlaryň sanyny azaldýan bolsa-da, göwreli galýan gyzlaryň sanyny azaltmaýar. Gaýtam, çagany dogrup, roddomda taşlap gidýän 15-16 ýaşlaryndaky ýaşajyk okuwçy gyzlaryň we ýetim çagalaryň sany köpelýär” diýip, aşgabatly lukman belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, bu gyzlar, kanunçylyga garamazdan, özlerini gizlin abort edýän lukmanlardan mahrum edilenden soň, olaryň arasynda islenilmedik göwreliligi togtatmak üçin howply çärelere baş goşýanlar hem köpelýär.

“Abort bolmaýanlygy sebäpli, ýaş gyzlar göwredäki çagany düşürjek bolup, margansowkaly, kaliý permanganatly suwlarda birnäçe sagatlap ýatýarlar. Bu adamyň saglygy üçin örän zyýanly. Şeýle-de, olar aýbaşyny getirýän dermanlary içýärler we saglyklaryna zyýan ýetirýärler” diýip, lukman belledi.

Ol göwreliligi soňlandyrmaga niýetlenen ýörite dermanlaryň hem bardygyny, bir tabletkasynyň 400-500 manada barabardygyny, ýöne bularyň sanynyň örän çäklidigini we lukmanlaryň olary diňe “ynamdar adamlaryna” satýandygyny hem aýtdy.

“Hökümet tarapyndan ginekologlara goýberilýän bu dermanlaryň kim we näme üçin ulanylandygy kagyz ýüzünde görkezilmeli. Barlaglar goýberilýän bu dermanlaryň sanyny we nirä ulanylandygyny soraýar” diýip, lukman belledi.

Aşgabatly we balkanly lukmanlaryň tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň soňky gadagançylyk çärelerine garamazdan, bu işi gizlin görnüşde dowam etdirýän lukmanlar heniz-de bar.

“Bu lukmanlaryň ýokary wezipeli döwlet emeldarlarynyň arasynda hökman tanyşlary bolýar. Olar örän ýakyn tanyşlary tarapyndan getirilen aýal-gyzlary abort edýärler. Olaryň tas ählisi 10-11-nji klas mekdep okuwçylary bolýar” diýip, balkanly lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Lukmanlar gizlin abort etdirmegiň nyrhlary barada hem maglumat berdiler.

Olaryň tassyklamagyna görä, gizlin abort etdirmegiň nyrhy paýtagtda 500-1000 ABŞ dollary aralygynda üýtgeýär, ýöne durmuşa çykmadyk gyzlar üçin bu töleg mundan hem ýokary bolýar.

Balkanyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde bu nyrh göwreliligiň hepdesine ýa-da aýyna görä üýtgeýär.

“Göwrelilik iki aýa çenli bolsa 5 müň manatdan, üç aý we ondan uly bolsa, 50 müň manatdan hem ýokarda töleg alynýar” diýip, balkanly lukman belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň hökümeti ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklaryny, abort etdirmek mümkinçiliklerini çäklendirmekde berk tankyt edilýär.

Hökümete degişli bolmadyk guramalar şu ýylyň 29-njy ýanwarynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýy barada BMG-niň Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça komitetine brifing berip, Türkmenistany [aýal-gyzlary] halkara ülňülerine laýyk gelýän abort etdirmek mümkinçiligine hemmetaraplaýyn elýeterliligi üpjün etmäge çagyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG