Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan-Hytaý serhedinde bolan ýertitreme Türkmenistanda ilat arasynda dowul döretdi


Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

23-nji ýanwarda Gyrgyzystan-Hytaý serhediniň golaýynda bolan we Gazagystanyň iň iri şäheri Almatyda hem güýçli duýlan ýertitreme Türkmenistanda ilat arasynda dowul döretdi.

Bir tarapdan, ýaşaýjylar ýertitremäniň Türkmenistanda hem bolmak ähtimallygyndan aladalansalar, beýleki tarapdan, olar türkmen häkimiýetleriň sebitde bolýan tebigy betbagtçylyklar barada nobatdaky gezek dymmagyna özaralarynda nägilelik bildirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 24-nji ýanwarda Ahal, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan maglumat berdiler.

“Adamlar üýşüp, özaralarynda ýertitremäniň ýurduň juda golaýynda bolandygyny aýdýarlar. Olar awgustda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, oktýabrda Owganystanda ýertitremäniň bolandygyna ünsi çekip, sebitde ýer yranmalarynyň artandygyny we ýurtda ýertitremäniň bolmagyndan aladalanýandyklaryny aýdýarlar” diýip, bu gürrüňdeşliklere şaýat bolan habarçymyz paýtagtdan beren maglumatynda belledi.

23-nji ýanwarda daňdan Gyrgyzystan bilen Hytaý serhedinde güýçli ýertitreme boldy. ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkeziniň maglumatyna görä, jemi hasapda bäş gezek ýer titräp, olaryň iň kuwwatlysynyň magnitudasy 7 bala deň boldy.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Bubek Ajikeýew ýer sarsgynynyň gije ýaryndan soň bolandygyny, şeýle-de onuň has köp demirgazykdaky Issyk-Kul regionynyň ençeme etrabynda duýlandygyny aýtdy.

Gyrgyz häkimiýetleriniň 24-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, tebigy betbagtçylykda adam pidalarynyň bolandygy barada häzirlikçe maglumat ýok. Ýöne resmiler sarsgynyň ýetiren zyýanyny anyklamak boýunça derňew işlerini dowam etdirýärler.

Ýer sarsgyny, episentrden 260 km uzaklykda ýerleşýän, Gazagystanda, hususan-da, ýurduň iň iri şäheri Almatyda hem duýuldy. Almatynyň resmileri ýertitremäniň netijesinde sekiz adamyň şikeslenendigini, 19 desgada jaýrygyň emele gelendigini mälim etdiler.

Adatça bolşy ýaly bu tebigy hadysa barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri haýsydyr bir maglumat berýärler.

Habarçylarymyz türkmen häkimiýetleriniň dymyşlygynyň ilat arasyndaky dowly güýçlendirip, olaryň özaralarynda olara garşy nägilelik çykyşlaryny etmegine hem getirýändigini aýdýarlar.

“Ýaşaýjylar gazak we gyrgyz häkimiýetleriniň we mediasynyň betbagtçylyk barada “aç-açan we dessine maglumat berendigine, käbir sebitlerde duýduryş edendigine” oňyn baha berýärler. Ýöne olar türkmen häkimiýetleriniň ýurtda we sebitde bolýan betbagtçylyklar barada dymýandygyny, adatça bolşy ýaly Türkmenistanda haýsydyr bir tebigy hadysa bolsa, öňünden duýduryş berilmejekdigini we özleriniň habarsyz galjakdygyny aýdyp, aladalaryny beýan edýärler. Köp ýaşaýjy häkimiýetleriň mundan dört ýyl çemesi ozal Lebapda bolan we köp sanly adam pidasyna getiren güýçli tupan barada hem häzire çenli hiç zat aýtmaýandygyny belleýär” diýip, Marydaky habarçymyz belledi.

2020-nji ýylyň aprelinde ýurduň gündogar sebitlerinde, şol sanda Türkmenabatda adam ýitgilerine getiren tebigy betbagtçylyk, güýçli harasat boldy. Türkmen häkimiýetleri we mediasy şol betbagtçylyk barada häzirki güne çenli aç-açan gürrüň gozgaman gelýärler.

Sebitde bolýan ýertitremeleriň Türkmenistanda ilat arasynda dowul döretmegi bilen bagly ýagdaýlar soňky bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykdy.

Geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda günbatar Owganystanyň Herat welaýatynda 6,3 bally ýertitreme boldy. Ýertitremäniň sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy.

Habarçylarymyz 7-nji oktýabrda günortan sagat 12 töwereklerinde Marynyň Serhetabat we Tagtabazar etraplarynda ýer sarsgynlarynyň duýlandygyny we ýerli ýaşaýjylaryň howsala bilen öýlerinden daşary çykandyklaryny aýtdylar. Olar ýertitremeleri ýene-de gaýtalanar öýdülip, ilat arasynda dowul dowam edýändigini hem belläpdiler.

2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda irden Türkmenbaşynyň golaýynda 5,3 bally ýertitreme boldy. Şonda habarçylarymyz sarsgynyň ilat arasynda dowul döredendigini, adamlaryň howsala bilen öýlerinden daşaryk çykandygyny, käbir binalarda kiçi jaýryklaryň emele gelendigini aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýertitremeler we onuň ýetiren zyýany barada hem maglumat bermediler. Resmi media Owganystanda bolan güýçli ýertitreme zerarly ejir çekenlere ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigini habar bermek bilen çäklendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG