Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz eleçegi, özbek keramikasy, täjik atlasy we türkmenleriň atçylyk sungaty UNESCO sanawyna girdi


Başy eleçekli gyrgyz zenanlary. Bezeg suraty. Arhiwden alyndy
Başy eleçekli gyrgyz zenanlary. Bezeg suraty. Arhiwden alyndy

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky käbir maddy däl medeni gymmatlyklaryň ÝUNESKO sanawyna girizilmegine bagyşlanýar.

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym, bilim we medeniýet boýunça edarasy (ÝUNESKO) Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky käbir medeni gymmatlyklary, amal-haşam sungaty bilen baglanyşyklary käbir döredijilik işlerini we däpleri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.

Olaryň hatarynda türkmenleriň Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, gyrgyzlaryň eleçegi, özbekleriň keramika sungaty we täjikleriň Atlas we adras matalaryny dokamak däpleri bar.

Ozalky ýyllarda hem bu ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolan amaly-haşam sungatyna degişli köp sanly eserler we däpler halkara ykrarnamalara mynasyp bolupdy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky käbir maddy däl medeni gymmatlyklaryň ÝUNESKO sanawyna girizilmegine bagyşlanýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

DT: Gyrgyz eleçegi, özbek keramikasy, täjik atlasy we türkmenleriň atçylyk sungaty UNESCO sanawyna girdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG