Bişkegiň sudy korrupsiýa garşy iş alyp barýan “Temirow Live” gyrgyz derňewçi toparynyň işi bilen baglylykda karar çykaryp, onuň iki žurnalistini türme tussaglygyna höküm etdi. Žurnalistleriň goldawçylary, şeýle-de media azatlygyna gözegçilik edýän guramalar olara ýöňkelen aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, bulary ret etdiler.
Mahabat Tajibek-kyzy we Azamat Işenbekow “guramaçylykly jenaýat toparyny döretmekde” we “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda” günäli tapylyp, degişlilikde alty ýyl we bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler.
Aktilek Kaparowa we Aýke Beýşekeýewa hem şu aýyplamalaryň esasynda, üç ýyl synag möhleti berildi.
Žurnalistleriň galan ýedisi aklandy.
11 žurnalistiň üstünden geçen kazyýet diňlenişigi 7-nji iýunda başlanypdy.
Gyrgyzystan soňky döwür azat media we raýat jemgyýetine garşy basyşlaryny güýçlendirdi.