3-nji oktýabrda Gürjüstanyň parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili hukuk toparlarynyň, oppozisiýanyň we halkara jemgyýetçiliginiň ýurtdaky LGBT jemgyýetiniň hak-hukuklaryny düýpli çäklendirýändigini aýdýan kanun taslamasyny tassyklap, oňa gol goýdy.
Häkimiýet başyndaky Gürjüstanyň Arzuwy partiýasynyň agzasy, şeýle-de bu taslamany ilerledýän syýasatçylaryň biri Papuaşwili, 2-nji oktýabrda prezident Salome Zurabişwiliniň bu taslamany goldamakdan ýüz öwüreninden soň, muny tassyklady.
Gürjüstanyň Arzuwy partiýasynyň ilerledýän “maşgala gymmatlyklary” diýilýän kanuny 17-nji sentýabrda sesleriň 84-0 gatnaşygy bilen kabul edildi. Oppozisiýa bu ses berişligi boýkot etdi.
Papuaşwiliniň hereketi, ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda amal edilse-de, bu Günorta Kawkaz döwletindäki ýiti bölünen syýasy meýdandan yşarat etdi. Gürjüstanyň Arzuwy partiýasynyň hem Zurabaşwili, hem-de syýasy oppozisiýa bilen dartgynly gatnaşyklary bar. Oppozisiýa öňümizdäki aý geçmeli saýlawlaryň öň ýanynda, eýýäm ençeme aý bäri parlament diňlenişiklerini boýkot edip gelýär.
Papuaşwiliniň tassyklamagyndan soň, kanun Gürjüstanyň resmi gazetinde çap bolar we 60 günden soň güýje girer.
Kanuny üýtgetmeler baradaky bukja häzirki bar bolan 18, şol sanda söz azatlygy we özüňi erkin beýan etmek kanunyna düzedişleri göz öňünde tutýar.