Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýanyň öňki goranmak ministri öz janyna kast etmäge synanyşdy


Kim En Hen
Kim En Hen

Günorta Koreýanyň öňki goranmak ministri Kim En Hen Seuldaky tussaghanada öz janyna kast etmäge synanyşdy. Ol ýurtda girizilen harby düzgün kanunyna garşy gozgalaň turuzmak synanyşygynda aýyplananyndan soň tussag edildi.

“Yonhap” agentligi bu habary ýurduň Adalat ministrligine salgylanyp berdi.

Kim En Hen tussaghananyň hammamynda içki eşiklerinden işilip ýasalan ýüp bilen özüni asmaga synanyşdy diýip, ministrlik habar berdi. Bu waka 10-njy dekabr agşamy, öňki ministr resmi taýdan tussag edilmezinden öň boldy.

Adalat ministrliginde aýdylmagyna görä, tussaghananyň işgärleri öňki ministriň öz janyna kast etmeginiň öňüni aldy. Ministrlik saglyk barlagynyň netijelerine salgylanyp, tussagyň saglyk ýagdaýynyň häzir "gowudygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG