Alekseý Nawalnyý 2000-nji ýyllarda syýasata geldi. Ýaş, açyk hem şadyýan adam kem-kemden Russiýanyň iň meşhur oppozisiýa lideri boldy. Bu suratda ol aýaly Ýuliýa bilen (olaryň iki çagasy bar) 2013-nji ýylda, köpçülikleýin protestler wagtynda.
2011-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Alekseý Nawalnyý rus milletçileriniň "Rus ýörişi" çäresinde çykyş edýär. "Rus ýörişine" gatnaşygy üçin, Nawalnyý gaýta-gaýta ýazgaryldy. 2011-nji ýylda, ol bu herekete soňky gezek gatnaşdy.
Alekseý Nawalnyý 2011-nji ýylyň 21-nji dekabrynda, “Bitewi Russiýa” tarapyndan gazanylan parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy protestde. Şol saýlawlar we şondan soňky ýylyň baharynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde, Wladimir Putin ýene-de baş wezipäni eýelänsoň, köpçülikleýin protestleriň başlangyjy bolup, Orsýetde 2013-nji ýyla çenli dowam etdi.
Nawalnyý 2012-nji ýylda Russiýada protest hereketiniň lideri bolup, iň ähmiýetli syýasy şahsyýetleriň birine öwrüldi.
Şondan bir ýyl geçensoň, 2013-nji ýylda Alekseý Nawalna Moskwanyň şäher häkiminiň saýlawlaryna gatnaşmaga rugsat berildi, ol sesleriň 27%-den gowragyny alyp, ikinji orny eýeledi.
Alekseý Nawalnyý 2014-nji ýylyň 30-njy dekabrynda, “Iw Roşe” işi boýunça çykarylan hökümden soň. Bu syýasatçynyň garşysyna gurnalan ikinji jenaýat işidi. Ol kezzapçylykda aýyplanyp, 3,5 ýyl şertli tussaglyga höküm edildi. Nawalnynyň dogany Oleg hem şol işde hakyky möhlete höküm edildi. Olaryň ikisi-de günälerini inkär edip, muny syýasy matlaply diýdiler.
Alekseý Nawalnyý 2015-nji ýylyň 1-nji martynda proteste gatnaşjak bolanda, polisiýa tarapyndan saklandy. 2011-2018-nji ýyllar aralygynda, Nawalnyý 10 gezek administratiw jeza höküm edildi. Şol döwürde ol ýörite tussaglyk merkezinde 192 gün geçirýär.
"Ukrainadaky urşy kimiň başlandygy takyk belli. Muny Putin we onuň töweregindäkiler etdiler. Ol muny öz elindäki hökümeti saklamak üçin etdi.” Alekseý Nawalnyý Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky studiýasynda.
Oppozision syýasatçy Boris Nemtsow ýaly, Alekseý Nawalnyý hem fewral aýynda ýogaldy. Nemtsow 2015-nji ýylda, Kremliň golaýynda atylyp öldürildi. Nawalnyý, onuň tarapdarlarynyň ynanjyna görä, eger 2020-nji ýylda “Nowiçok” bilen zäherlenmedik we türmede gynamalara sezewar edilmedik bolsa, diri galardy. Suratda Alekseý Nawalnyý Nemtsowyň hatyrasyna geçirilen 2018-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky ýörişde.
2017-nji ýylda Alekseý Nawalnyý nobatdaky prezidentlik saýlawy üçin, öz kandidaturasyny hödürledi. Russiýanyň ähli künjeginde, onuň tarapdarlarynyň edaralary guruldy. Şeýlelikde, federasiýa möçberinde doly ygtyýarly syýasy güýç hökmünde, Korrupsiýa garşy göreş gaznasynyň düýbi tutuldy. Merkezi saýlaw komissiýasy Nawalnyny «Kirowles» meselesinde, jenaýat jogapkärçiligine çekilendigine salgylanyp, hasaba almakdan ýüz öwürdi.
Şol ýylda Alekseý Nawalnyý we Korrupsiýa garşy göreş guramasy premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň "gizlin imperiýasy" barada, "Ol siziň üçin Dimon däl" atly derňew filmini çykardy. Onda hökümetiň ýolbaşçysy we onuň töweregindäki ynamly adamlary para-peşgeşden gelýän haýyr-sahawat gaznalar ulgamyny döredip, oligarhlardan milliardlarça rubl alýandygy aýdylýar. Filmiň çykarylmagy Orsýetiň ähli künjeklerinde, korrupsiýa garşy müňlerçe protestlere sebäp boldy.
Nawalna garşy hüjüm edildi. Bu surat 2017-nji ýylda, Moskwada onuň ýüzüne ýaşyl reňk serpilenden soň düşürildi.
2018-nji ýylyň martynda Wladimir Putin resmi maglumatlara görä, 76%-den gowrak ses alyp, nobatdaky gezek prezident saýlandy. Nawalnyý we onuň tarapdarlary saýlawlaryň netijesini ykrar etmediler. Olaryň gurnan protestleri saýlawdan öň hem, soň hem bolup geçdi. Nawalnyý ençeme gezek saklandy hem tussaglykda oturdy. Bu suratda Alekseý Nawalnyý özüniň saýlawlardan çetleşdirilmegine garşy Moskwadaky protestde, 2018-nji ýylyň 28-nji ýanwary.
Moskwa, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny, Alekseý Nawalnyý žurnalist Iwan Golunowyň neşe söwdasynda aýyplanyp, tussag edilmegine garşy protestde saklanýar. Soňra Orsýetiň kanun goraýjy edaralary Golunowa garşy gozgalan işiň galpdygyny boýun aldylar.
2020-nji ýylda Nawalyý janyna kast etmekligi başdan geçirdi, sebitlere sapara gidende, ol zäherlendi. Ony Germaniýa getirenlerinde, “Nowiçok” bilen zäherlenendigi tassyklandy. Ol tassyklanyşyna görä, Orsýetiň ýörite gulluklary tarapyndan, islenmeýäni ýok etmek üçin ulanylýan madda. Bu surat 15-nji sentýabrda, Berliniň “Şarite” keselhanasynda düşürildi – Alekseý Nawalnyý öz maşgalasy bilen.
Şondan birnäçe aý geçenden soň, Nawalnyý Russiýa dolanýandygyny yglan etdi. 2021-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Moskwa geldi. Soň hiç wagt azatlyga çykmaz ýaly, ony aeroportda derrew tussag etdiler.
Şondan bäri Alekseý Nawalnyý köpçülige diňe saklanýan koloniýalaryndan ýa-da kazyýet diňlenişiginden, wideo arkaly göründi. Aşakdaky suratda ol 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda, kazyýet diňlenişiginiň dowamynda göründi.