Gazagystanda Aktauyň golaýyndaky uçar heläkçiliginiň bolan ýerini ýazgy eden blogçy Azamat Sarsenbaýew 10 gün tussag edildi diýip, AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” neşiri blogçynyň sosial ulgamlarda galdyran ýazgysyna salgylanyp ýazýar.
Mangistau sebitiniň Tupkaragan etrap kazyýetiniň kararyna görä, Sarsenbaýew hukuk goraýjy edaranyň işgäriniň kanuny talabyna boýun bolmazlykda günäli tapyldy.
Blogçynyň aklawçysy Aýbek Suýundukowyň düşündirmegine görä, bu jeza Gazagystanyň Dolandyryş hukuklary kodeksiniň 667-nji maddasynyň 1-nji bölümi esasynda, "Häkimiýet wekiliniň kanuny talaplaryna boýun bolmazlyk" sebäpli berildi.
Sarsenbaýewiň tussag edilmezinden öň aýtmagyna görä, polisiýa onuň "wakanyň bolan ýerinde dron uçuryp, halas ediş gullugynyň işine we derňew çärelerine päsgelçilik döredendigini, şeýle-de polisiýa işgärleriniň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmändigini" aýdypdyr.
Blogçy öz ýazgy eden wideosynyň “Roýters”, “The Guardian”, BBC we “Le Monde” ýaly dünýä belli habar serişdeleri tarapyndan ulanylandygyny aýtdy.