Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garagum kanalynyň suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy


Bereket etrabyndaky suw howdanynyň satellit arkaly 22-nji awgustda düşürilen suraty. "Meteožurnal" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.
Bereket etrabyndaky suw howdanynyň satellit arkaly 22-nji awgustda düşürilen suraty. "Meteožurnal" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.

2023-nji ýylyň tomsunda Garagum kanalynyň orta we aşaky akymlaryndaky suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy. Bu barada howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 14-nji sentýabrda habar berdi.

Bu döwürdäki satellit suratlaryny seljeren neşir esasanam Köpetdag suw howdanyndaky suwuň mukdarynyň şu tomus soňky 22 ýyldaky iň pes derejeleriniň birine çenli azalandygyny aýdyp, mundan ozalky döwre degişli maglumatlaryň ýokdugyny belleýär.

“Howdandaky suwuň mukdary bahar paslynyň dowamynda ýiti derejede azaldy. Taslama boýunça tutýan meýdany 33 km2-e deň bolan suw howdanynyň meýdany 25-nji aprelde 25,5 km2-e barabar boldy... Awgust aýynda düýpli üýtgeşmeler bolmady. 29-njy awgustda (düşürilen satellit suratlarynda) onuň meýdany 15,6 km2-e çenli kiçeldi” diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.

Bereket etrabyndaky suw howdanynyň satellit arkaly 5-nji martda düşürilen suraty. "Meteožurnal" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.
Bereket etrabyndaky suw howdanynyň satellit arkaly 5-nji martda düşürilen suraty. "Meteožurnal" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.

Neşir Türkmenistanda ekin meýdanlarynyň köpüsini suwarýan Garagum kanalynyň orta we aşaky akymlaryndaky beýleki suw howdanlarynda, Howuzhanda hem ýagdaýyň gowy däldigini belleýär.

"Meteožurnal” neşiri iň göze ilýän ýagdaýlaryň birine 2021-nji ýylyň tomsunda açylan Bereket etrabyndaky suw howdanynda synlasa bolýandygyny belleýär. Satellit arkaly 5-nji martda düşürilen suratlarda howdandaky suwuň derejesi onuň taslamadaky tutýan meýdanyna golaý bolan bolsa, 22-nji awgustda tas ýok diýen derejede azaldy.

Neşir şu tomusda Amyderýanyň akymynyň ýokary bolandygyna garamazdan, suw howdanlarynda suwuň derejesiniň peselmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykandygyna hem ünsi çekdi.

Türkmenistanyň iň uzyn emeli derýasy hasaplanýan we uzynlygy 1440 kilometr töweregi bolan Garagum kanaly öz gözbaşyny Amyderýadan alyp gaýdýar. Kanal Lebap welaýatynyň Başsaka şäherçesiniň çäginden uç alyp, Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryna çenli uzap gidýär.

“Meteožurnalyň” çap eden maglumaty Türkmenistanda agyz suwy we oba hojalyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly meseläniň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da ýaramazlaşan döwrüne gabat geldi. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri şu ýylyň martyndan bäri yzygiderli habar berýärler.

Paýtagtda we welaýatlarda ilatyň agyz suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan köpçülikleýin kesildi. Şeýle-de, häkimiýetler suw ýetmezçiliginiň ýitileşmeginiň fonunda, suw çüwdürimlerini hem öçürdiler.

Iýunyň ahyrynda paýtagtlylaryň ençemesi Aşgabat kanalynyň suwunyň azalmagyna alada bildirip, şäheriň demirgazygynda ýerleşýän, il arasynda "Gurtly köli" atlandyrylýan, Gurtly suw howdanynyň suwunyň derejesiniň-de ep-esli peselendigini aýtdy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgaýarlar. Ýöne olar suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG