26-njy awgustda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Telegram messenjeriniň esaslandyryjylarynyň biri we başlygy Pawel Durowy tussag etmek kararynyň syýasy matlaply bolmandygyny aýtdy.
“Fransiýada Telegramyň prezidentiniň tussag edilmegi dowam edýän ýuridiki derňewiň bir bölegidir” diýip, Makron X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy. “Munuň bilen bagly karar sudýalara baglydyr” diýip, hem ol belledi.
Durow 24-nji awgustda Parižiň etegindäki Le Bourget aeroportunda saklandy.
Telegramyň 25-nji awgustda X sosial ulgamynda ýerleşdiren postunda, Durowyň “ýaşyrar ýaly hiç zadynyň ýokdugyny” belledi, we Telegramyň “bu ýagdaý bilen bagly tiz çözgüde garaşýandygyny” nygtady.
Fransuz mediasyna görä, ýurduň ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalara garşy zulumuň öňüni almak boýunça edarasy, deslapky derňewiň netijesinde, Durowyň tussag edilmegi boýunça order çykarypdyr. Aýdylýan kanun bozmalaryň arasynda galplyk, neşe gaçakçylygy, guramaçylykly jenaýat we terrorçylygy öjükdirmek ýaly aýyplamalar hem bar.
Bu aralykda, AFP habar gullugy Durowyň tussaglyk möhletiniň 28-nji awgusta çenli uzaldylandygyny aýdýar.