Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fizika boýunça Nobel baýragy emeli aň ugrunda iş alyp baran iki alyma berildi


Alymlar Jon Hopfeld we Jeoffreý Hinton
Alymlar Jon Hopfeld we Jeoffreý Hinton

2024-nji ýylyň Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri ABŞ-ly Jon Hopfeld we britaniýa-kanadaly Jeoffreý Hinton boldular. Bu abraýly baýrak olaryň emeli aň boýunça alyp baran işleri üçin berildi.

Bu barada 8-nji oktýabrda Şwesiýanyň Ylymlar boýunça Şa Akademiýasy yglan etdi. Bu baýrak “iki fizigiň maşynlaryň emeli neýron torlary arkaly öwrenmegini mümkin eden düýpli açyşlary we oýlap tapyşlary üçin” berildi diýip, beýanatda aýdylýar.

Birleşen Ştatlardaky Prinseton uniwersitetiniň professory, 91 ýaşly Hopfeld galyplary saklap, soňra-da olary gaýtalap bilýän usuly ulanýan tory oýlap tapdy.

Nobel eminler toparynyň sözlerine görä, Toronto Uniwersitetiniň professory, 76 ýaşly Hinton “özbaşdaky ýagdaýda maglumatlaryň alamatlaryny tapyp bilýän usuly oýlap tapyp, bu suratlardaky aýratyn elementleri tapmak ýaly işleri amal etmäge mümkinçilik berýär”.

XS
SM
MD
LG