Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda kömür käninde bolan partlamada 38 adam öldi


Tabas sebitindäki kömür känindäki partlama metan syzmasy sebäp bolupdyr.
Tabas sebitindäki kömür känindäki partlama metan syzmasy sebäp bolupdyr.

23-nji sentýabrda Eýranyň resmileri kömür käninde bolan partlamada heläk bolanlaryň sanynyň 38 bolandygyny, şeýle-de 14 adamyň henizem ýeriň aşagynda galýandygyny aýtdylar.

Täze görkezijiler mundan bir gün öň yglan edilen sanlardan pesdir. Ýagny 22-nji sentýabrda partlamada ölenleriň 51 adamdygy aýdylypdy.

Eýranyň mediasynyň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda, paýtagt Tährandan 540 km günorta-gündogarda ýerleşýän, Tabas sebitindäki kömür känindäki partlama metan syzmasy sebäp bolupdyr.

Kände entegem metanyň uly mukdarynyň saklanmagy, halas ediş işleriniň depginini gowşadýar diýip, Günorta Horasan welaýatynyň häkimi Jawad Ghenaat aýtdy.

XS
SM
MD
LG