Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki türkmenler öz gonamçylyklaryna häkimiýetler tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Etniki türkmenler. Demirgazyk Owganystan.
Illýustrasiýa suraty. Etniki türkmenler. Demirgazyk Owganystan.

Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Mardian etrabynda ýaşaýan etniki türkmenler özleriniň bu sebitde ýerleşýän 200 ýyllyk gonamçylygyna “Talyban” häkimiýetleri tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýarlar. Bu barada owgan türkmenleriniň durmuşy barada habarlary çap edýän onlaýn neşirler, iri sosial media hasaplary habar berýär.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, 'Talyban' ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň ýerli resmileri bu ýerlerden oba hojalyk maksatlar üçin peýdalanyljakdygyny aýdýarlar.

Etniki türkmenler şeýle çäreleri ýowuzlyk atlandyryp, öz gonamçylyklarynyň ýykylmagynyň ýurtda hereket edýän kada-kanunlara-da, ahlak kadalaryna-da gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

“Hiç kim biziň sesimiz eşitmek islemeýär. Bize adalatsyz daraşyldy” diýip, ata-babalarynyň mazaryny goramaga çalyşýan bir etniki türkmen sosial hasaplarda sitirlenýär.

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşigi owgan türkmenleriniň meselelerine gönükdirilýär. Gepleşigimize ABŞ-da ýaşaýan asly owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.

DT: Etniki türkmenler öz gonamçylyklaryna häkimiýetler tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG