Köp jemgyýetçilik mümkinçiliklerinden mahrum edilen owgan zenanlary öz ýurduna gelen amerikaly pornoaktrisanyň suratlaryna we wideolaryna gaharlarynyň gelýändiklerini aýdýarlar.
Owganystandaky höküm sürýän "Talyban" hereketi aýallara bilim almagy gadagan etdi we olar üçin köp iş ýerleriniň gapylaryny ýapdy. Şeýle hem olara seýilgählere, sport ýaryşlaryna we hammama barmak gadagan edildi.
Ol aýallar "Talybanyň" girizen zabun ahlak kanunlary boýunça, ýanynda erkek adam ugratmasa, öýünden çykman, öz içerisinde oturmaly.
Şeýle çäklendirmeler arasynda ýaşaýan käbir owgan zenanlary öz ýurduna gelen amerikaly pornoaktrisanyň suratlaryndan we wideolaryndan soň gaharynyň gelýändigini aýdýarlar.
"Talyban" topary bu sapar barada pikir alyşmasa-da, Uitni Raýt öz Instagram sahypasynda, Owganystanyň iň gözel syýahatçylyk zolaklarynyň birinde düşürilen suratlaryny ýerleşdirdi.
"Bu esasy ikiýüzlülik" diýip, aýal hukuklarynyň we bilim almaga mümkinçiliginiň aktiwisti Wazhma Tohi aýtdy. "Owganystanly zenanlar öz ýurdunda tussag halda ýaşaýarlar, şol wagtda daşary ýurtly myhmanlar bolsa – olaryň gelip çykyşyna garamazdan – uly hormat bilen garşylanýarlar".
Soňky ýyllarda Raýt Eýran, Yrak, Siriýa, Liwan ýaly aglaba bölegi musulmanlardan bolan ýurtlarda bolup geldi.
Radio Azadi gullugynyň žurnalistleri bu syýahat barada, "Talybandan" ýa-da Raýtyň özünden pikir alyp bilmedi.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň Döwlet departamenti amerikalylara "hiç bir ýagdaýda" Owganystana barmazlygy maslahat berýär, sebäbi "ýurtda ençeme terror toparlary hereket edýär. ABŞ-nyň graždanlary adam ogurlygy we zamun alynmagyň nyşany bolup durýar".
"Talyban" hökümeti ABŞ tarapyndan ykrar edilmeýändigi üçin, Owganystanyň ilçihanasy ýa-da konsullyk gullugy hereket etmese-de, ABŞ graždany hökmünde Raýta wiza gerek bolandyr.
Talyplar 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýet başyna gaýdyp gelenlerinden bäri ýurtda zorlugyň düýpli azalandygyny görkezmek we halkara keşbini gowulandyrmak maksady bilen daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekmäge işjeň synanyşýarlar.
Käbir owgan aýallarynyň aýtmagyna görä, "Talyban" aýal syýahatçylar üçin oňyn şertleri döretmek ugrunda alada edýär we muny Owganystanda daşary ýurtly aýallar üçin hem howpsuzlygyň bardygyny nygtamak maksadyna ulanýar.
"Beýle azatlyk iň esasy hukuklardan mahrum edilen owgan zenanlaryna däl, diňe daşary ýurtlular üçin bar" diýip, aýal hukuklarynyň aktiwisti Nasima Bidargar Radio Azadi gullugyna aýtdy.
"Talyban" 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýet başyna gelen badyna ýaş gyzlaryň 6-njy synpdan soň, mekdepde okamagyny gadagan etdi. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda "Talyban" ýokary okuw jaýlarynyň we beýleki bilim edaralarynyň gapylaryny-da zenanlar üçin ýapdy. Ekstremistler aýallara hatda hökümete degişli däl halkara guramalarda we beýleki pudaklarda işlemäge-de rugsat etmeýär.
Aýallar üçin jemgyýetçilik seýilgähleri, şeýle hem diňe aýallara niýetlenen we aýallaryň eýeçiligindäki kafehanalardyr we restoranlar ýa-da şoňa meňzeş meşhur bolan ýerler hem "Talyban" tarapyndan ýapyldy.
"Talyban" 2024-nji ýylyň awgustynda aýallaryň hukuklaryny aýratyn bozýan täze ahlak kanunyny girizdi. Indi olara ýany adamsyz köpçülik ýerlerinde görünmek hem gadagan edilýär. Şeýle-de olardan ýüzlerini örtmek talap edilýär. Galyberse-de, kanun aýallara aýdym aýtmagy, hatda jemgyýetçilik ýerlerinde sesini gataltmagy gadagan edýär.
BMG-niň ýokary wezipeli resmileri we owgan adam hukuklary boýunça aktiwistler "Talybanyň" aýallara garşy alyp barýan syýasatyny "gender aparteidi" diýip atlandyrdylar.
Ýanwar aýynda Halkara jenaýat sudy "Talybanyň" ýokary lideri molla Haýbatulla Ahundzada we "Talybanyň" baş kazysy Abdul Hakim Hakgana "gender esasly yzarlamalar esasynda adamzada eden jenaýatlary üçin, jenaýat jogapkärçiligine" çekmek barada, tussaglyk orderiniň berilmegini sorady.
Gara lybas örtünen Raýt Facebook sahypasynda ajaýyp gaýalary bolan Band-e Amir şäheriniň golaýynda, garda ýöräp barýan wideosyny ýerleşdirdi. Ol merkezi Bamiýan welaýatynda ýerleşýän, Owganystanyň iň meşhur milli seýilgähleriniň birinde, dury gök kölüň ýakasynda gezelenç edýär.
2023-nji ýylyň awgustynda "Talyban" owgan zenanlarynyň bu seýilgähe barmagyny gadagan etdi.
"Owgan zenany hökmünde bu ýagdaý meniň göwnümi paralaýar" diýip, bamiýanly bir aýal Radio Azadi gullugyna aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum