Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edebiýat we sungat: Hyýaly giňişliklerden dörän ýadygärlikler we çeper hakykat


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany edebiýat dünýäsine syýahat edýär we hyýaly giňişliklerden dörän çeper hakykat we edebi ýadygärlikler barada gürrüň gozgaýar.

Bir bar ekeni, bir ýok ekeni diýip, başlaýan ertekiler ümmülmez hyýaly giňişliklere uzap gidýär. Gadym-gadym zamanlarda, aýdaly, bir aşygyň dagy ýaryp, geçen ýoly setirlerde ebedileşýär. Gadymy rowaýatlar, ertekiler we tymsallar dilden-dile, nesilden-nesle geçip, diri galýar. Halk döredijiliginiň muşdaklary edebi eserlerde keşdelenen hyýaly giňişlikleriň materiallaşmagyny kem görmeýär. Dünýäde hyýaly giňişliklerden dörän hakyky ýadygärlikler az däl.

Meselem, “Şasenem-Garyp” dessanyndan miras galan Şasenemiň galasy, hamala, asyrlaryň şaýady hökmünde, edebi eserdäki hyýaly giňişligi ýatladýar. Ýa-da bolmasa, Lebap welaýatynyň öňki Garabekewül etrabynda, Amyderýanyň sag kenarynda “Zöhre-Tahyryň” köşgi diýilýän bir gala bar. Zöhre ýa-da Tahyr; Şasenem ýa-da Garyp hakykatdan-da bir döwür ýaşap geçipdirmi, ýa geçmändirmi, belli däl. Ýöne olaryň şanyna bina edilen galalar welin, asyrlaryň dowamynda diri galmagy başarypdyr.

Edebi eserlerdäki hyýaly giňişlikleriň maddylaşdyrylmagy halklaryň medeni mirasyny gorap saklamaga nähili ýardam berýär? Türkmenistanda ýa-da sebitde başga nähili hyýaly muzeýler bar? Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany şeýle soraglaryň jogaplaryna gönükdirilýär.

Edebiýat we sungat: Hyýaly giňişliklerden dörän ýadygärlikler we çeper hakykat
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG