Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi


Türkmenistandaky dükanlaryň biriniň öňündäki oturgyçda oturyp, özleriniň mobil telefonlaryna seredýän ýaşlar (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistandaky dükanlaryň biriniň öňündäki oturgyçda oturyp, özleriniň mobil telefonlaryna seredýän ýaşlar (Illýustrasiýa suraty)

Telegram messenjeriniň esaslandyryjylarynyň biri we başlygy Pawel Durowyň Fransiýada saklanmagy, Balkan welaýatynyň ilatynyň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler ýaşaýjylar, hususan-da, Telegram ulanyjylary Durowyň soňky ykbalynyň nähili boljakdygy barada pikir alşyp, messenjeriň gelejegi, onuň işläp-işlemezligi ýa-da çäkli işlemek ähtimallygy barada işjeň gürrüň gozgaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Durow 24-nji awgustda Parižiň etegindäki Le Bourget aeroportyna gonan pursady saklandy. Fransuz mediasyna görä, ýurduň ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalara garşy zulmuň öňüni almak boýunça edarasy, deslapky derňewiň netijesinde, Durowyň tussag edilmegi boýunça order çykarypdyr. Aýdylýan kanun bozmalaryň arasynda galplyk, neşe gaçakçylygy, guramaçylykly jenaýat we terrorçylygy öjükdirmek ýaly aýyplamalar hem bar.

Telegramyň 25-nji awgustda X sosial ulgamynda ýerleşdiren postunda, Durowyň “ýaşyrar ýaly hiç zadynyň ýokdugyny” belledi, we Telegramyň “bu ýagdaý bilen bagly tiz çözgüde garaşýandygyny” nygtady.

Habarçymyz özüniň soňky birnäçe gün bäri şaýat bolýan pikir alyşmalaryna, maglumatlaryna esaslanyp, ilatyň agramly böleginiň Telegramyň türkmenistanlylaryň şahsy maglumatlaryny türkmen ýörite gulluklaryna berýändigine ynanýandygyny aýdýar.

“Ýaşaýjylar munuň sebäbini bu messenjer arkaly Ýewropa ýurtlaryndaky we Birleşen Ştatlardaky tanyş-bilişleri bilen dowamly hat alyşýan türkmenistanly ulanyjylaryň ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we kiberhowpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri tarapyndan saklanýandygy we soraga çekilýändigi bilen düşündirýärler” diýip, pikir alyşmalara şaýat bolan balkanly başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Telegram özüniň hiç bir hökümet edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmeýändigini öňe sürýär.

Söhbetdeşimiziň tassyklamagyna görä, bu messenjerde Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän garaşsyz neşirleri dowamly okap, olara abuna ýazylanlar MHM-de düşündiriş ýazmaga hem mejbur edilýärler.

Raýatlaryň söz-beýan azatlygyny, metbugat we maglumat azatlygyny, Internet elýeterliligini berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanda iri sosial torlar we messenjerler, şol sanda Facebook, Instagram, Twitter, WhatsApp, Telegram we Viber ýaly ulgamlar petikli galýar. Türkmen Internet ulanyjylary diňe IMO messenjerinden bökdençsiz peýdalanyp bilýärler.

Ýöne habarçymyz soňky alty aý çemesi wagtyň dowamynda ýurtda türkmen VPN ulgamlarynyň peýda bolup başlamagy bilen, ilat arasynda Telegramyň meşhurlygynyň artýandygyny belleýär.

O köp ulanyjynyň türkmen VPN ulgamlary arkaly Telegramdan peýdalanýandygyny aýdýar.

“Türkmen raýatlary üçin Telegramyň howpsuzlugynyň derejesi IMO messenjeri bilen deň. Sebäbi Telegram orsýetli adam tarapyndan esaslandyryldy. Telegram, hamana, gizlin saklanýan serwer bazasyna eýe diýilse-de, türkmen ulanyjylary ony rus hökümetiniň daşky informasiýa razwedkasy atlandyrýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Durowyň saklanmagy dünýä metbugatynda giňden beýan edilse-de, bu barada türkmen metbugat serişdelerinde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Ýöne Durowyň saklanmagy Gazagystanda hem käbir seslenmeleri döretdi. Onuň saklanmagynyň yz ýanynda, Gazagystanyň sanly ösüş boýunça ministri Žaslan Madiýew Durow bilen bilelikde düşen suratyny çap edip, oňa goldaw bildirdi.

Ol “Durow üçin erkinlik” häştägi bilen, 25-nji awgustda çap eden maglumatynda öz ýolbaşçylygyndaky edaranyň Telegram topary bilen “ajaýyp tejribe toplandygyny” ýazdy. Muňa jogap hökmünde gazagystanly Internet ulanyjylary ministri ikiýüzlilikde aýypladylar. Şol bir wagtda, käbir ulanyjylar bolsa, Durowa goldaw bildirdi.

Bu aralykda, 26-njy awgustda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Durowy tussag etmek kararynyň syýasy matlaply bolmandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG