Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýene güýçli tozanly ýel turdy


Mary welaýatynda turan tozanly ýeliň yz ýanynda, howada gum bölejikleriniň saklanyp galýandygyny görse bolýar. Noýabr, 2023 ý. (Illýutrasiýa suraty)
Mary welaýatynda turan tozanly ýeliň yz ýanynda, howada gum bölejikleriniň saklanyp galýandygyny görse bolýar. Noýabr, 2023 ý. (Illýutrasiýa suraty)

Daşoguzda 22-nji iýunda giçlik güýçli tozanly ýel turdy. Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy Daşoguzda şeýle güýçli tozanly ýeliň soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolandygyny aýtdy.

Bu waka, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda tozanly şemalyň bolmagyna garaşylýandygy baradaky duýduryşyň ýurduň sebit häkimiýetlerine iberilen mahalyna gabat geldi.

“Ýel şenbe güni agşam sagat 7 töwereginde başlap, gije sagat 11-e çenli dowam etdi. Demirgazykdan gelen duz garyşykly tozan zerarly, köçelerde 50 metr aralygy zordan görüp boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ýeliň täsiri esasan hem welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Köneürgenç, Boldumsaz etraplarynda we öňki Gubadag etrabynyň ýerleşen territoriýalarynda ýiti duýuldy.

Tozanly ýel sagat 9-10 aralygynda has-da güýçli boldy. Boldumsaz etrabynyň Almalyk, Ýaşlyk, Medeniýet, Lawak, Telman, Türkmenistan we Howaý daýhan birleşiklerinde elektrik geçiriji sütünleriň onlarçasy ýykyldy.

“Transformatorlaryň onlarçasy ýanyp, hatardan çykdy. Bu daýhan birleşiklerinde ýel hojalyk jaýlarynyň we mekdepleriň üçeklerindäki demir şifr bölekleriniň onlarçasyny goparyp, uçurdy. Soňky 10 ýylda beýle güýçli şemal bolmandy” diýip, boldumsazly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz häzir Boldumsaza degişli bolan öňki Gubadag etrabynyň türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän obalarynyň tas ählisinde elektrik togunyň kesilendigini hem aýtdy.

Amatsyz howa hadysasy barada, adatça bolşy ýaly, ýerli häkimiýetler tarapyndan sebit ýaşaýjylarynyň ählisine aç-açan duýduryş berilmedi.

Azatlyk bu barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir hem alyp bilmedi. Ýöne resmiler bu baradaky duýduryşy 21-nji iýunda ýurduň käbir welaýat häkimliklerine iberdiler.

Turkmenistan. Weather warning, which was sent to some of the state offices by the authorities. June, 2024.
Turkmenistan. Weather warning, which was sent to some of the state offices by the authorities. June, 2024.

Azatlyga Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy tarapyndan ugradylan bu duýduryşyň nusgasyny almak başartdy.

Redaksiýa nusgany ugradan çeşmesiniň howpsuzlygy sebäpli, onuň anyk haýsy welaýatyň häkimligine iberilendigini aýdyňlaşdyrmakdan saklanýar.

“Ýurdumyzyň çägine demirgazyk-günbatardan ýokary basyşly, salkyn we çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 21-ne günüň ahyrynda hem-de 22-24-i aralygynda diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-15 metr, käýerlerde 17-22 metre çenli ýetýän tozanly şemalyň bolmagyna, ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrym çakmagyna, şeýle hem dag etek etraplarynyň sil suw akabalarynda ýagyş suwlarynyň emele gelmegine garaşylýar” diýlip, gullugyň başlygy A. Seýitmuhammedow tarapyndan 21-nji iýunda gol goýlan duýduryşda bellenilýär.

Gullugyň resmi websaýtynda howa duýduryşy barada hiç zat aýdylmaýar.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 20-21-22-23-nji iýunda efire berlen sanlarynda hem, howa duýduryşy agzalmaýar.

Adatça türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda boljak adatdan daşary howa hadysalary we onuň ýetirmegi mümkin ýa-da ýetiren täsirleri barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan duýduryş, maglumat berýärler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde anomal tebigy hadysalar ýygjamlaşdy. Käbir sebitlerde ýaşaýjylar yssydan we gurakçylykdan ejir çekýän bolsa, beýlekilerinde tozanly ýeller, şeýle-de güýçli ýagyşlar we munuň bilen bagly sil, suw joşmalary gaýtalanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG