Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda täze saglyk öýüne işe girjeklerden “müňlerçe dollar para soralýar”


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat (Illýustrasiýa suraty)

Soňky aýlarda Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde täze döredilýän 4-nji saglyk öýüne saglyk işgärlerini, şol sanda lukmanlary we şepagat uýalaryny işe almak prosesi geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu saglyk öýüne işe ýerleşmek üçin, saglyk işgärleriniň resmilere müňlerçe dollar möçberinde para bermeli bolýandyklaryny anyklamagy başardylar.

Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýerli saglyk pudagyndaky ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmeleri, şol sanda saglyk edarasyna işe ýerleşmäge synanyşan daşoguzly lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň birnäçesi gürrüň berdi.

“Saglyk öýüne 250 çemesi lukman, şepagat uýasy we arassaçylyk işgärleri işe alynýar. Işe almak prosesi auksion görnüşinde geçirilýär. Ýagny, resmiler kim köp para berse, şony işe alýarlar. Soralýan iň pes paranyň möçberi 40 müň manatdan başlanýar. Eger bir saglyk işgäri mundan köp para hödürlese, onda 40 müň manat beren raýat işe alynmaýar we onuň puly yzyna berilýär” diýip, saglyk pudagyndaky çeşmämiz aýtdy.

Bellesek, 40 müň manat ýurduň Merkezi bankynyň resmi kursunda $11400, dollaryň gara bazar nyrhynda $2000 barabar bolýar.

4-nji saglyk öýi ozalky S.A.Nyýazow adyndaky etraba degişli bolan Bagtyýar zaman obasynyň oba hassahanasydy. Bu oba, “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakyndaky” kanuna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Daşoguz şäheriniň çägine goşulypdy. Şondan soňra häkimiýetler bu oba hassahanasyny şäheriň 4-nji saglyk öýi etmek kararyna geldiler. Mundan ozal şäherde 1-2-3-nji saglyk öýleri hereket edýärdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren çeşmelerimiz we saglyk işgärleri iň köp paranyň saglyk öýüniň içindäki dermanhana işe ýerleşmek isleýänlerden soralýandygyny hem belleýärler.

“Dermanhana işe alynjak üç ýokary derejeli işgäriň her birinden soralýan paranyň möçberi 150 müň manada barabar. Bu resmi kursda $42800-e, gara bazaryň nyrhynda $7500-e deňdir. Munuň sebäbi döwlet dermanhanalarynyň iň pully, bikanun gazançly kärleriň biri bolmagy bilen baglanyşykly. Sebäbi döwlet dermanhanalaryndaky korrupsiýany hiç kim barlamaýar, hasap soramaýar, dermanhana işgärleri halkyň hasabyna täze öýleri, maşynlary satyn alýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, işe ýerleşýän saglyk işgärlerinden alynýan paralar welaýat häkimliginiň saglygy saklaýyş bölümine jogapkär resmileriň arasynda paýlaşylýar.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada gürrüňi edilýän saglyk öýi we welaýatyň saglyk resmileri bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanda korrupsiýanyň tas ähli pudaklarda giňden ýaýrandygy, raýatlaryň - tam süpüriji bolmakdan başlap tä ýokary wezipelere çenli - islendik işe ýerleşmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berip gelýärler.

2022-nji ýylyň aprelinde Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz şol döwür Türkmenbaşy şäherinde täze açylyp ulanmaga berlen köpugurly hassahana işe ýerleşmek isleýän medisina işgärlerinden ýüzlerçe müň manat para alynýandygyny habar berdiler.

Azatlygyň bu maglumatyndan birnäçe hepde soň, Aşgabatdan hassahana ýörite derňew topary iberilip, saglyk edarasynda uly göwrümli barlag işi geçirildi. Birnäçe jogapkär resminiň, şol sanda hassahananyň baş lukmanynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Ýurduň döwlet telewideniýesi korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýanlary wagtal-wagtal görkezse-de, ýokarda aýdylanlar barada hiç hili habar bermeýär.

"Transparency International” guramasynyň korrupsiýa barada geçen ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG