Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýaňy-ýakynda Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmegiň töwereginde dowam edýän meseleler, korrupsiýa hadysalary, şol sanda para-bermit, tanyşparazlyk ýaly problemalar barada habar berdiler.
Daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda onlarça müň türkmenistanly bilim alýar. Russiýanyň daşary işler ministrligine görä, bu ýurduň ýokary bilim edaralarynda 30 müňden gowrak türkmenistanly bilim alýar. Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, bu ýurtda häzirki wagtda 19 müň çemesi türkmenistanly student wizasy bilen ýaşaýar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda, şol sanda Belarusda, Täjigistanda we Özbegistanda, umuman aýdylanda, ençeme müň türkmenistanly ýokary bilim alýar.
Eýsem, daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan talyplar ýaşaýan ýurtlarynda we Türkmenistanda nähili tejribeleri başdan geçirýärler? Olar nähili artykmaçlyklardan peýdalanyp, nähili kynçylyklara sezewar bolýarlar?
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň okuw we durmuş tejribelerine gönükdirilýär.
Gepleşigimize Azatlyk Radiosynyň daşary ýurt döwletinde ýokary bilim alan habarçysy Reýimberdi Gurbanow gatnaşýar.
Forum