Fransiýanyň muzeýlerinde saklanýan haýran galdyryjy reňkli suratlar 100 ýyl mundan ozalky döwri görkezýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden düşürilen suratlar tehnologiýanyň we geosyýasy hereketleriň täsirinde, tanap bolmajak derejede özgeripdir..
Serbiýanyň merkezinde ýerleşýän Kruşewase şäherinde, ýaş serb soýlan goýnuň ýanynda, 1918-nji ýyl. Bu ýaňy-ýakynda Fransiýanyň Albert Kan muzeýi tarapyndan ýokary resminama esasynda, köpçülige görkezilen on müňlerçe reňkli taryhy fotosuratlaryň biridir
Parižiň günbatarynda ýerleşýän muzeýdäki dikeldiş işleri köp ýyllap dowam edensoň, aprel aýynda ýaňadan açyldy, dikeldiş işleri dowamynda, işgärler sanly maglumat bazasyny hem döwrebaplaşdyrdylar.
"Planetanyň arhiwi" muzeýiniň taslamasy 72 müňe golaý suratyň elýeterli bolmagyna ýokary derejede razylyk berdi.
Surat şekilleri öň hem elýeterlidi, ýöne hili pes bolup, olary web-saýtda goýmak kyndy.
“Planetanyň arhiwi” taslamasy 1909-njy ýylda, fransuz bank eýesi Albert Kan tarapyndan işe girizildi. Dünýäniň ilkinji reňkli fotosurat tehnologiýasy bolan Autochrom tiz wagtdan girdejili we köpçülikleýin peýdalanmak üçin ýaramly merkeze öwrüldi.
Kan baýlygynyň köp bölegini haýyr-sahawat işlerine sarp edipdir.
Öz abraýyna aşa berlen Kan globallaşmanyň täsiri astynda, gözüniň alnynda özgerýän dünýäni fotosurat proýektleri arkaly dokumentleşdirmäge çalşypdyr.
Kanyň fotosuratçylary öz işleýän birnäçe ýurtlarynda, ilkinji reňkli suratlary çekdiler.
Kanyň taslamasyna ýolbaşçylyk eden Žan Brunet “Planetanyň arhiwini” üçin, “Ýakyn wagtda ýitip gitjek Planetanyň faktlaryny toplamaga we saklamaga täze dörän gurallaryň ulanylandygyny” aýdýar.
Kanyň tabşyrmagy bilen Fransiýanyň iň gowy fotosuratçylarynyň onlarçasy dünýä syýahata gidipdir. Bankiriň düşündirişine görä, " dünýäde wagtyň geçmegi bilen adam tejribesiniň hem ukybynyň düýpden ýitip gitmezligi üçin, belli bir ýagdaýda [suratda] saklanyp galmagy gerek”.
Albert Kan muzeýiniň wekiliniň aýtmagyna görä, täzelenen onlaýn arhiwi "giň çäkde iş alyp barmaga mümkinçilik döredýär”.
"Creative Commons lisenziýasy boýunça kolleksiýalaryň uly böleginiň onlaýn elýeterliligi suratlaryň ulanylyşyna giňden mümkinçilik döredýär" diýip, muzeýiň wekili sözüne goşýar.
Kanyň fotosuratçylarynyň ulanan Autochrom tehnologiýasy ilkinji gezek Fransiýada 1907-nji ýylda girizildi we dessine şowhun döretdi.
1908-nji ýylda bir bilermen Autochrom tehnikasynyň «tebigatyň reňklerini haýran galdyryjy dogruçyllyk bilen görkezýändigini» belledi.
Reňkli suratlar düşüriljek fotolentalar üçin, boýalan gaty kartofel uny we emulýasiýada basylan millionlarça "pikseller" ulanylypdyr.
Autochrom tarapyndan döredilen dürli-dümen reňkli şekiller "arzuwlar reňki" diýlip atlandyrylypdyr.
Fotosuratyň ýokarsyndaky asyl ýazgyda bellenişine görä, limonadyň iki konteýneri açyk-gök, gyzyl we ak reňkde – Serbiýanyň baýdagynyň reňkinde boýalypdyr. Görşümiz ýaly, suratlardaky reňkler hakyky bolşy bilen deňeşdirilende, düýpli öçügsi alnypdyr.
Fotosurat plastinalaryny ulanmak aňsat bolupdyr, ýöne olar gymmada durupdyr.
Autochrom tehnologiýasynyň esasy kemçiliklerinden biri, onuň ýagtylyga bolan pes duýgurlygydyr. Şoňa görä bir suratyň düşürilmegi üçin, ep-esli wagt gidipdir, kadry saklamaly bolupdyr.
Hatda aýdyň günde-de surat almak üçin, birnäçe sekunt saklanmaly bolupdyr. Munuň özi, hereketli, goh-galmagally köçeleriň şekilini ýeterlik derejede döretmegiň mümkin däldigini aňladýar. Portretleri düşürmek üçin, adamlar uzak wagtlap şol bir şekilde doňup durmaly bolupdyrlar.
Umumylykda, Kanyň işe çeken fotosuratçylary 50-den gowrak ýurda baryp görüpdirler. Olar diňe bir reňkli suratlary almak bilen çäklenmän, eýsem 100 sagat töweregi gara we ak wideo ýazgylary hem getiripdir.
Kanyň fotosuratçylary gündelik durmuşy reňkli suratlaryň aýdyň beýan edip bilmeýändigi üçin, kino wideosyny ulanypdyrlar.
Beýik Depressiýa bütin dünýäniň maliýe bazarlaryna uly zyýan ýetiren wagtda, Kan öz taslamany togtatmaga mejbur boldy.
1932-nji ýylda Kanyň işleri batýar we ol 1940-njy ýylda, nasizm goşunlary Fransiýany basyp alandan, biraz wagt soň aradan çykýar.
Onuň fotosuratçylarynyň döreden suratlary taryhda iň wajyp reňkli fotosurat ýazgysy hasaplanýar.