Hytaýda ABŞ-nyň million dollary bolan 2.7 million sany millioner we 251 sany milliarder bar. Bu sanlar "The Hurun Report" ykdysady neşirinde çap edildi. Şol bir wagtda, BMG-niň maglumatlaryna görä, 1.3 milliardlyk ilatyň 13% töweregi günde $1.25 bilen güzeran aýlamaly bolýar.
Hytaý: Baý-garyp boşlugy

1
Suratlarda Pekinde ýaşaýan migrant işçileriň nahar edinýän we bir topar adamyň bäş ýyldyzly myhmanhanada kofe içýän pursatlary şekillendirilen.

2
Pekiniň golaýyndaky Hebeý welaýatynda bir daýhan irkilip, dynç alýar. Şol bir wagtda, başga bir zenan Pekiniň gözellik salonynda özüne seretdirýär.

3
Bir gyzjagaz Pekiniň golaýyndaky ýaşaýyş regionynda saçyny ýuwýar. Bu aralykda, sag tarapdaky suratda fransiýaly saç bejerýän Erik Konstantino öz müşderileriniň saçyny bejerýär.

4
Çagbanyň guýup duran mahaly adamlar tigirlerde we motosikletlerde barýarlar. Sag tarapda bolsa, Pekiniň söwda merkezleriniň biriniň öňünde Porsche kysymly awtoulag goýlupdyr. Hytaýda gymmatbaha ulaglar uly meşhurlyga eýe.