Azatlygyň redaksiýasyna “Gülençiler hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip ýa-da emläklerini almak üçin matlaply aýyplanandyr öýdülýän, ýöne şu wagta çenli bilinmedik tussaglaryň ýene biriniň ‘jenaýat işi’ hakynda maglumat gelip gowuşdy. Bu maglumaty türkmen türmesinde 'diri ýiten', ýedi ýyldan gowrak bäri nirede, nähili ýagdaýda saklanylýandygy bilinmeýän tussagyň maşgalasynyň ýakynlarynyň biri, onuň daşary ýurtda ýaşaýan aýalyna abanýan 'howp barada eşiden elin habaryndan' soň, anonimlik şertinde Azatlyga ýetirdi. Türkmenistanyň golaýda transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girmegi bilen, bu habar Aşgabadyň türmedäki tussagyň bigünädigini daşary ýurtda aýdyp biljek aýalyna hem berk göz dikendigini yşarat edýär.
2017-nji ýylyň fewralynda umumylykda 333 ýyl iş kesilen 18 adamyň ‘jenaýat işinden’ tapawutlylykda, Aşgabatda iş kesilen Şatlyk Ýagmurowa TJK-nyň 135-nji maddasy esasynda (täze JK-da 133-nji madda), beçebazlyk eden, 14 ýaşlaryndaky oglany zorlan hökmünde höküm çykarylypdyr.
Emma ony ýakyndan tanaýan adamlar paýtagtdaky kazyýetiň ýapyk gapylaryň arkasynda gelen kararynyň galplaşdyrylan, ygtybarsyz görkezmelere daýanýandygyny, şonuň üçin hem aýyplanýanyň tussag edilen gününden bäri daşarky dünýäden berk üzňelikde, hiç bir hossaryna görkezilmän saklanylýandygyny öňe sürýärler.
Azatlyga göçürmesi iberilen hökümeden görnüşine görä, jenaýat işine Ş.Ýagmurowyň işi bilen bilelikde seredilen Emil Nabiýewiň ejir çeken diýlip görkezilýän Ýuriý Lunin bilen bolan gatnaşyklary, oňa sütem edişi hakynda has kän we jikme-jik maglumat berilýär. Emma muňa garamazdan, Ýagmurowyň şol bir ejir çeken oglan bilen 'gatnaşyklary' barada az, ýüzleý maglumat berilýär. Bu, höküm bilen tanşan hünärmeniň pikirine görä, Ýagmuworyň işiniň Nabiýewiň ‘taýyn duran’ işine çatylandygyny yşarat edýär.
Galyberse, Nabiýew ozal hem iki gezek jenaýatda aýyplanyp, ýyl kesilen, prezidentiň günä geçmesi esasynda azatlyga çykan adam bolup, Ýagmurow ozal hiç wagt hiç bir düzgün bozmada aýyplanmandyr.
Mundan başga, Ýagmurow tutulanda, olaryň öýlerine kürsäp urandyklary aýdylýan häkimiýet wekilleri hiç bir resmi buýruk ýa order görkezmän, ňý eýesini, hiç wagt häkimiýetler bilen meselesi bolmadyk erkege gödek darap, maşyna basyp alyp gidipdirler. Hossarlary ony şol günden soň bir gezegem görmändir.
Bu hili 'ýapyk işler' baradaky maglumatlar Azatlyga, "Gülençiler hereketi” diýilýänler bilen bagly işlerden başga, mysal üçin, emläkleri bikanun konfiskasiýa edilen Berdiýewleriň işinden hem mälim bolupdy.
Azatlyk türkmen-türk mekdebini tamamlan türkmenistanlylaryň, Türkiýede ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň tarapdarlaryna görlen repressiw çärelerden soň, köpçülikleýin, galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda türmä basylyşy hakynda 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde, syzyp çykan höküm nusgasy esasynda habar beripdi.
Emma şol ýylyň iýun aýynda 17 ýyl azatlykdan mahrum edilen 38 ýaşly Ýagmurowyň garyndaşlarynyň berk gorkuzylmagy, ýapyk gapylaryň arkasynda çykarylýan hökümleriň köpüsiniň bilinmän galyşy ýaly, onuň jenaýat işiniň hem 'mälim-nämälim' bolup galmagyna getirýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Ýagmurow öz hususy işini açyp, emlägi elinden alnan we kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylaryň birinjisi hem, soňkusy hem däl.
1979-njy ýylda doglan, iş kesilende 38 ýaşynda bolan işewür Şatlyk Ýagmurowyň ‘işi’ we soňky ykbaly şondan birnäçe aý ozal 12 ýyldan 25 ýyla çenli aralykda iş kesilen adamlaryň ykbaly bilen ‘gaty meňzeş’ görünýär. Ýagny ol, Türkiýede Fethulla Güleniň hereketi bilen ol ýa-da beýleki görnüşde ilteşikli hasaplanan, şol bir wagtda hem namaz okaýan, il içinde abraýly, döwlet wezipesini ulanman gurplanan nesilden bolup, türkmen-türk mekdebinde okanyndan soň, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň çet ýurt dilleri fakultetinde, iňlis dili boýunça ýokary bilim alypdyr.
Maşgalanyň ýakyn tanşynyň we beýlekileriň tassyklamagyna görä, Şatlyk Ýagmurow tutulanda ‘eýýäm aýagy mazaly ýer tutan, birnäçe jaýly, eli uzadan ýerine ýetýän diýilýän ýaş biznesmenleriň biri’ hasaplanypdyr.
“Onuň aýagynyň aşagynda gurat maşyny, Türkmenabatda, Aşgabatda we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda jaýy bardy, islän wagty islän ýurduna gidip, islän wagty yzyna gelip bilýärdi, Dubaýdan, Türkiýeden, Hytaýdan yzygiderli haryt getirýärdi, Çärjewde ýola goýlan käbir telekeçilik işlerine ortak bolup işleýärdi” diýip, Ýagmurowlar maşgalasynyň türkmenabatly goldawçysy aýtdy.
Onuň pikiriçe, 8-nji fewralda çykarylan hökümden tapawutlylykda, Ýagmurowyň özünden öň iş kesilen 18 adamyň aýyplanan agyr maddalary, TJK-nyň 177-nji, 275-nji maddalary bilen aýyplanmazlygy, şol bir wagtda-da uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmegi ‘onuň biznes edip gazanan emlägine göz dikilendigini, şol bir wagtda-da bu işiň öňki höküm ýaly syzyp çykmagyndan we 'syýasy äheňli işe öwrülmeginden' ätiýaç edilendigini yşarat edýär’.
Azatlygyň söhbetdeşiniň ynanjyna görä, Şatlyk Ýagmurowyň tutulan gününden soň hossarlaryna görkezilmezligi, ondan hiç hili gördüm-bildim, hat-habar bolmazlygy häkimiýetleriň 'çynlakaý bir zatlary gizleýändigini, belki-de, galplaşdyrylan işiň üstüniň açylmagyndan alada galýandygyny' aňladýar.
“Şatlygyň ähli garyndaşy ondan geçdi, bu häkimiýetleriň gazabyna uçran adamlaryň hossarlarynyň gary gorkuzylmagynyň netijesi. Emma aýaly, meniň bilşine görä, adamsyndan geçmändir. Ol, naçar halyna, arzy diňlener, sesi eşidiler öýdüp, ýokarky edaralara, prezidente çenli şikaýat edipdir. Ahyrynda, ýörite gulluklaryň işgärleri ony tutup, Aşgabadyň Žitnikow köçesindäki deslapky tussaghanalaryň bir kamerasynda erbet gynapdyrlar. O naçaryň başyna nä günleriň gelendigi belli däl, ol bu barada hiç kime hiç zat aýtmandyr” diýip, maşgalanyň tanşy gürrüň berdi.
Ýöne şondan soň, aýdylmagyna görä, Şatlygyň aýaly adamsyndan hem, onuň bilen bile işläp gazanan emläklerinden hem umydyny üzen ýaly bolup, arz etmesini goýupdyr.
“Olaryň bar emlägi, awtoulag, dükan, jaý-beýlekisi döwletiň haýryna geçirildi” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Ýöne bir zaman işi rowaç bolan türkmen işewüriniň gaýgyly kyssasy şunuň bilen tamam bolmaýar. Maşgalanyň ýakyn tanşynyň aýtmagyna görä, Şatlygyň aýaly ýeke galan maşgalasyny eklemek üçin Türkiýä işlemäge gidýär we ol ýerden yzda galan gaýynyna 2020-nji ýylda, 'ýüreginden tutup, aradan çykýança' pul iberýär.
“Indi, eşidişime görä, häkimiýetler Şatlygyň aýalyny gözleýärler. Türkiýede pasport möhleti gutaryp, konsullyga ýüz tutanda, ol naçaryň şol ýurtda işleýändigini bilipdirler. Ýöne ol, bir hepdeden pasportyny almaga baryp, konsullygyň işgäri ‘bir ädim bärik süýşsene’ diýende, yza çekilip, iş berijisi bilen ol ýerden çykypdyr we wagtynda gizlenmäge ýetişipdir. Şondan bäri, habarly adamlaryň aýtmagyna görä, häkimiýetler onuň yzyny çalýarlar. Şatlyk Ýagmurowyň 'ýok edilişiniň' syzyp çykmagyndan alada galýan bolsalar gerek. Eger tutulsa, Şatlygyň aýaly hem türmede ýitirim edilip bilner” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlyk 2019-njy ýylda Türkiýede bir türkmenistanlynyň 'gülençilikde' güman edilip saklanandygyny habar beripdi.
Aýdylmagyna görä, adamlaryň hususy emlägi üstünde gurulýan 'dawa' 2007-nji ýyldan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe has güýçlendi we, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň monopoliýasynyň çäginden daşarda galyp biljek iş adamlary 'gara sanawa' salyndy.
2008-nji ýylda Azatlyk radiosyna interwiýu beren, bikanun konfiskasiýa edilen emläklerini yzyna almak islän Aýjemal Berdiýewanyň tassyklamagyna görä, milli howpsuzlyk işgärleri ony dymdyrmak üçin agyr gynamalara ýüz urup, göwresindäki çagasynyň düşmegine sebäp boldular. Soň, türkmen türmesinde diri ýitenler barada 2011-nji ýylda çap edilen hasabatda aýdylmagyna görä, Aýjemal Berdiýewa, biznes edip baýan adamsy Bazargeldi Berdiýew bilen bilelikde, türmede ýitirim boldy we olaryň soňky ykbaly belli däl.
Türkmenistanda diňe ýönekeý adamlaryň içinden çykan adamlar däl, ýokary gatlak diýilýäniň wekilleri hem, häkimiýete has ýakyn adamlaryň bikanun hereketleri sebäpli, islendik wagtda örän kyn ýagdaýa düşüp bilýär diýip, synçylar aýdýarlar. Olar bu sözlerini delillendirmek üçin Türkmenistanyň gahrymany bolan Myratberdi Sopyýewiň biznemen ogly Gulberdi Sopyýewiň düşen kyn ýagdaýyny mysal getirýärler. Garaşsyz žurnalistlere mälim bolmagyna görä, döwlet emeldarlarynyň basyşlaryna çydaman özüni asan Gulberdi Sopyýewiň janyna garyndaşlary ýetişipdir.
"Türkmenistanyň Hronikasynyň" 2014-nji ýylyň 31-nji martyndaky habaryna görä, Gulberdi Sopyýew Änewde şol wagt soňky bir ýarym ýylda öz janyna kast etmäge synanyşan bäşinji telekeçi bolupdyr.
Azat bazar ykdysadyýetine geçilmegini, kiçi we orta telekeçiligi goldaýandygyny aýdýan Türkmenistanda soňky üç onýyllykda hususy işini açyp, häkimiýet wekilleriniň bikanun hereketleri esasynda kyn ýagdaýa düşen telekeçiler baradaky maglumatlar, olaryň konfiskasiýa edilen emläkleri barada metbugatda açyk gürrüň edilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum