Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çärjewiň mekdeplerinde kelle biti köpelýär


Çaganyň kellesinde tapylan bit (Illýustrasiýa suraty)
Çaganyň kellesinde tapylan bit (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda orta mekdeplerde okuwçylaryň arasynda kelle biti ýaýraýar. Çagalaryň arasynda bir-birine geçip, tiz ýaýraýan bu mör-möjege ene-atalar özbaşdak göreşmeli bolýarlar. Azatlygyň çeşmeleri ýerli häkimiýetlere edilen ýüzlenmeleriň netije bermändigini aýdýarlar.

Çärjew etrabynyň mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda kelle bitiniň köpelýändigi barada mekdep işgärleriniň we ene-atalaryň ýerli sanitar-epidemiologiki edarasyna ýetiren habarlara garamazdan, etrapda gaýragoýulmasyz çäre görülmeýändigini çeşmeler aýdýarlar.

“10-njy synpda okaýan agtygymyň saçyna bit düşüpdir. Synpdaşlaryndan we mekdep mugallymlaryndan soranymda, etrabyň ähli mekdeplerinde köpelýänligini duýdurdylar. Mekdep mugallymlary öz gezeginde sanstansiýa habar bermezligi haýyş edýärler. Emma biz ene-atalar bolup ýüzlendik. Bir hepde wagt geçdi, dymyşlyk” diýip Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Okuwçylaryň arasynda bitiň köpçülikleýin ýaýraýandygyny Farabyň 2-nji we Çärjewiň 31, 20, 22, 6-njy mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary tassykladylar.

“Sanepidemstansiýa elmydama şeýle özüni alyp barýar. Olara ýüzlenmegiň peýdasy ýok. Umuman bu döwletde islendik döwlet edara ýüzlenmegiň peýdasy ýok. Biz öz günümizi özümi görýäris” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy ýerli sanitar-epidemiologik bölüminiň işinden şikaýat edýär.

Bu aralykda etrap ýaşaýjylary öz çagalarynyň, şol sanda uly synp okuwçylarynyň saçlarynda bitleriň döremegi we çalt ýaýramagy bilen bagly ýagdaýdan saplanmak üçin dürli ýollary gözleýärler.

Ýerli ýaşaýjylar söwda nokatlarynda satylýan bite garşy serişdeleriň kömek bermeýändigini adýarlar.

“Bazarda bitleri ýok edýän Hytaýdan getirilýän arzan bahaly şampun bar. Ony satyn alyp ulanýarys, emma kömek edenok. Türkmenabadyň “Gök” bazarynda Orsýet harytlaryny satýan satyjylarda hem gymmat bahaly serişdeler bar, ýöne olar hem kömek edenok” diýip, mekdep okuwçysy gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim gürleşen çärjewli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, kelle bitine garşy göreş şu günler köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, her kim öz mümkinçiligine görä çäre görmäge synanyşýar.

Käbirler peýdasy ylmy taýdan tassyklanmadyk serişdeleri ulanýan bolsa, saglyga zyýanly we howply serişdeler bilen biti ýok etmäge synanyşýanlar hem az däl.

"Adamlar hat-da öň görülip-eşidilmedik usullardan peýdalanyp başladylar. Soýuz döwründe saça düşen biti ýok etmek üçin, kelläni kerosin bilen ýuwardylar. Häzir kerosin tapdyrmaýar. Indi bolsa wodorod peroksidiniň 6%-li erginini bilen bilelikde saç reňkleýjileri bilen saçy reňkleýärler. Käbirleri 9% wodorod peroksidiniň erginini ulanyp, çagalaryň kellesinde ýanyk galdyrýarlar. Eli ýuka maşgalalar bolsa, tarakan we garynja öldürýän hekleri ownadyp, adaty şampun ýa-da sawunyň suwly ergini bilen garyp kelle ýuwýarlar" diýip, çärjewli ýaşaýjylaryň ýene biri aýdýar.

Mekdep okuwçylarynyň arsynda ýaýraýan kelle bitine garşy göreşiň netije bermedik ýagdaýynda saçyny syrdyrýan ýaşlar hem az däl.

"Hiç zat kömek etmedik ýagdaýynda, biçäre adamlar kelle saçlaryny syrýarlar we ýorgan-düşekleriniň daşlyklaryny oda ýakýarlar" diýip, ýene bir çerjewli aýdýar.

Şu ýyl çagalaryň arasynda kelle bitiniň köpçülikleýin ýaýramagy Balkan welaýatynda ýüze çykypdy. Iýun aýynda Türkmenbaşynyň sekiz sany çagalar bagynda çagalaryň saçynda bitiň tapylandygy barada ene-atalaryň we çagalar baglarynda işleýän terbiýeçileriň birnäçesi Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Şonda çagalaryň saçyny barlamak we ýagdaýy anyklamak üçin guramaçylykly medisina işleriniň geçirilmeginden soň şäheriň 1-nji, 3-nji, 9-njy, 16-njy we 28-nji çagalar baglarynda sanitariýa, arassaçylyk-gigiýena we zyýansyzlandyryş işleri berjaý edilipdi.

Geçen ýylyň noýabrynda Ahal welaýatyndaky harby bölümlerde duýdansyz geçirilen barlaglaryň netijesinde harby bölümleriň ýaramaz arassaçylyk-gigiýena şertleriniň üstüniň açylandygy, ýatakhanalarda we esgerleriň egin-eşiklerinde bit tapylandygy mälim boldy.

2020-nji ýylyň maýynda Aşgabatdaky habarçylarymyz kelle bitiniň diňe mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem uly ýaşly adamlaryň arasynda hem giňden ýaýrandygy barada maglumat beripdi.

Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde tagtabitiň, büräniň, sarygarynjanyň we beýleki mör-möjekleriň ýaýramagy barada ençeme gezek habar berlipdi.

Bu ýagdaýlar türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan düýpden gozgalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG