Sardaba suwy ýygnamak we saklamak üçin niýetlenen gadymy gidrotehniki gurluşdyr. Orta asyrlarda şeýle desgalar Merkezi Aziýanyň suwuň altyna deňelýän gurak sebitlerinde giňden ýaýrapdyr. Sardabalar tapylgysyz çeşme suwlaryny çägeli tozandan we günden goramak üçin gurlupdyr. Uzak ýola barýan söwda kerwenleri we syýahatçylar sardabadan suwlanyp, üpjünçiligini dolduryp bilipdirler.
Kaýnar sardabasy häzirki wagta çenli saklanyp galan birnäçe şeýle gurluşlaryň biridir. Ol Syrderýanyň gollarynyň biri bolan Ahangaran derýasynyň golaýynda, Özbegistanda ýerleşýär.
Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Syrderýa dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýa howdanynyň problemalaryny öwrenýän we olary çözmegiň ýollaryny agtarýan hünärmenler bilen söhbetdeş boldy.
Kaýnar sardabasy meşhur syýahatçylyk ýollaryndan sowa ýerleşensoň, hatda Özbegistanyň öz içinde-de ony az adam bilýär. Oňa barmak hem aňsat däl: bu ýerdäki ýollar umuman gowy, ýöne sardabanyň adyny göterýän Kaýnar obasyna eltýän ýol ençeme ýyl öň asfaltlanyp, häzir topraga garylypdyr. Bir wagtlar bu ýerde uly döwlet hojalygy – sowhoz bolupdyr, indi ondan bary-ýogy birnäçe öý galypdyr.
Taryhçy alymlar ilkinji gezek Kaýnar sardabasyna XIX asyryň ahyrynda üns beripdirler. XX asyryň 20-nji ýyllarynda, eýýäm SSSR döwründe, ol binagärlik ýadygärligi hökmünde öwrenilipdir. Sowet taryhçylary ony "Ahangaran derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän çeşmäniň üstündäki gümmez" diýip atlandyrypdyr. Ýerli ilat "gümmez" we "kaýnar (gözbaş)" sözlerinden, bu sardaba "Kaýnar gumbazi" diýip at beripdirler. Bu tegelek gümmez tebigy gorag bolup, bulak suwuny daşky täsirlerden goraýar.
Kaýnar sardabasynyň haçan gurlandygy takyk belli däl. Geçirilen barlaglara görä, ol XVII-XVIII asyrlara degişlidir. Alymlaryň aýtmagyna görä, ondan öň bu ýerde şuňa meňzeş, ýöne has gadymy gurluş bolandyr. Şol döwürde gurlan sardabalar gadymy gurluşykçylaryň tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak hem olara uzak döwürlere ýetjek bina gurmak işleriniň ussatlary bolandygyna şaýatlyk edýär.
Geçen asyryň başlarynda sardabanyň ýokarsyndaky gümmezi görmek mümkin eken, ýöne ol şu güne çenli saklanmandyr. Binanyň özi-de soňky ýüz ýylyň dowamynda çat açyp başlapdyr. Munuň esasy sebäbi tebigy faktorlaryň täsiri we wagtyň geçmegidir. Ýöne muňa garamazdan, ol ýerdäki bulak akmagyny dowam etdirýär. Kaýnaryň az sanly ýaşaýjylary henizem ol çeşmeden suw alýarlar.
Birnäçe ýyl mundan ozal sardababa dikeldiş işleri geçirildi. Ol çäräni özbek taryhçylary hem medeniýet hünärmenleri wandalizm diýip atlandyrdylar. Olar köne sardabanyň üstünden diňe täze kerpiç aýlap, deňsiz-taýsyz taryhy gurluşy umytsyz zaýalapdyrlar.
«Medeniýetsiz özbek ýolbaşçylarynyň (we halkyň bir böleginiň) arasynda, köne gurluşyklar öz gadymy keşbi bilen ýurdy "masgara edýär" diýen pikir bar. Şonuň üçin ony mümkin boldugyndan, tiz bejermeli. Ol daşy ýalpyldaýan Täze ýyl oýunjagy ýaly şöhle saçmaly» diýip, sardabanyň dikeldiliş işlerine bagyşlanan makalada aýdylýar.
Kaýnar obasy sardabadan birnäçe ýüz metr uzaklykda ýerleşýär. Obada adam galmandyr diýen ýaly. Ol ýerde galanlar bolsa henizem sardaba suwundan peýdalanýarlar, ýöne olaryň aýtmagyna görä, soňky onýyllyklarda suwuň hili düýpli peselipdir.
50 ýaşlaryndaky gysga boýly Alimardon bütin ömrüne diýen ýaly Kaýnarda ýaşaýar. Ol aýaly bilen bilelikde mal saklaýarlar, sygyr we goýun bakýarlar. Çagalary bireýýäm ýetişip, şähere gidipdirler. Alimardon ozal suwuň bol, obada-da adamyň köp bolandygyny ýatlaýar. Häzir Kaýnarda oba hojalygy bilen meşgullanýan üç maşgala galypdyr. Obada başga bir gazanç etmäge zat ýok.
Alimardonyň uly bolmadyk hojalygynda kepderi, işiginde tagta seki hem odun ýakylýan peji bar. Onuň aýaly Nilufar günortanlyk çaý-çöregiň aladasy bilen ojagyň daşyndan aýlanýar.
– Adam köp wagtynda, durmuş aňsatdy, elektrik togunyň aladasy ýokdy – diýip, daýhan aýdýar. – Häzirem elektrik togy bar, ýöne onuň güýji diňe çyrany ýagtyltmaga ýetýär, onda nahar taýýarlamak mümkin däl, hatda suw hem gaýnadyp bolmaýar. Şonuň üçin biz ýa gaz, ýa-da odun ulanýarys.
Ol öýünden ýüzi biraz eplenen ýalpyldawuk suraty çykaryp, birnäçe ýyl mundan ozal Kaýnar sardabasynyň nähili görünýändigini görkezdi: onda kiçi kerpiçlerden gurlan, gadymy döwürlerden bäri ýere siňip barýan binanyň şekili bar.
«Bu ýerde dikeldiş işleri edilmezden öň suw kändi. Ol uly tokurtgalar bilen töwerekdäki ýerleri suwarmaga ýeterlikdi – diýip, Alimardon gürrüň berýär. – Hasyl hem gowy bolardy. Ýöne bejeriş işleri geçirilende, gözbaş çäge bilen örtülipdir. Şonuň üçinem suw azaldy, onuň hili-de örän zaýalandy».
Alimardon bakjasyny suwarmak hem mallary ýakmak üçin, sardabanyň suwuny ulanmagy dowam edýär. Ýöne ol suwy içmezlik gowy, gaty hapa diýip, daýhan aýdýar.
Bir sagatdan soň bir maşyn sardaba geldi, bulakdan suw içmek üçin, maşyndan iki ýigit düşdi.
– Bu ýerden suw içmäge gorkmaýaňyzmy?" Suw gaty hapa diýýärler.
– Adaty suw, biz indi birnäçe ýyl bäri bu ýerden içýäris, ýöne hiç zat bolanok.
Men suwuň ýokarky gara gatlagyna seredýärin. Ol, dogrudanam, bulanyk görünýär. Ýiti seretseň, aşakda kiçi balyklaryň we käbir jandarlaryň ýüzüp ýörendigini görse bolýar.
Şeýle-de sardabada köne kerpiçleriň galyndylary görünýär, olar wagtyň geçmegi hem sähranyň gyzgyn ýeline eräpdir. Käbir kerpiçleriň arasyndan, asla gök çöp ösmeli däl ýerden, ösümlikler daşlary döwüp çykypdyr.
Hoşlaşyp gaýtjak bolanymyzda, Alimardonyň aýaly Nilufar köne gözenekli demir germewiň aňrysyndan, birnäçe gurt uzatdy. Gatadylan duzly gurtlar bu ýerdäki durmuşyň, ýarym taşlanan obanyň, emelsiz dikeldilen sardabanyň meňzetmesi ýaly duýgyny hyýalyma getirdi. Haýsydyr bir ýol bilen ýerden gaýap çykýan bulak her gün ykbalyň täze kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolup, töwerek-daşdaky hemme zadyň muňa diňe päsgel berýändigine garamazdan, ol barlyga utgaşmagyny – ýaşamagyny dowam etdirýär.