2022-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň Ukraina doly möçberde çozmagyndan soň, Odessa şäherinde doglan, ýedi ýaşly Maks atly pişik basyp alyjylygy başdan geçirdi, ogurlandy, harby maşynda Belarusa bardy, özüni ogurlan rus harbylaryndan gaçdy hem ahyry maşgalasyna gowuşdy. Häzir Maks bosgun statusy bilen Ispaniýada ýaşaýar. Onuň bikesi Alena Gonçarowa bu taryhy "Nastoýaşeýe Wremýa" (“Häzirki Zaman”) telekanalyna gürrüň berdi.
Basyp alyjylyk döwründäki durmuş
Maks — meýn-kun (Maine Coon) tohumyndan bolan pişik. Onuň ömri 2022-nji ýylyň fewralyna çenli adaty ýagdaýda geçdi: 2016-njy ýylda Ukrainanyň Odessa şäherinde doguldy, iki ýyl mundan öň eýeleri bilen Kiýewiň etegindäki Buça şäherine gelýär...
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda irden, rus harby uçarlary Ukraina şäherlerini bombalap başlanynda, Maks daşaryk gezelenje çykýar.
Maşgala Gostomel aeroportyň golaýynda ýaşaýan eken. Ol aeroporty rus harbylary çozuşyň ilkinji sagatlarynda bombalaýar.
Partlamalaryň sesi has-da artyp başlaýar. Alena ogluny gujaklap, onuň düşeginiň ýanynda oturypdyr.
Asly Donetskiden bolan Alenanyň ýanýoldaşy Nikolaý urşuň boljagyny gep-gürrüňlerden däl, eýýäm 2014-nji ýyldan bäri duýýan eken, Ukraina garşy uruş başlananda, ol Donbasdaky harby bölümde gulluk edipdir.
«Biz öň uruş barada [doly möçberdäki hüjümler başlanýança] gürrüň etmeýärdik, sebäbi urşy görmedik, onuň nämedigini bilmeýän adama düşündirmek mümkin däl. Biz täzelikleri okaýardyk hem bir zadyň bolup geçýändigini bilýärdik, hatda 24-nji fewralda-da nämeleriň başlanandygyny göz öňüne getirip bilmedik. Şonuň üçin biz urşuň başky sagatlarynda, Buçadan gitmäge howlukmadyk» diýip, Alena gürrüň berýär.
Alenany gitmäge ýanýoldaşy yrýar. Ol çagasy bilen Žytomyr şäherine gitmegi ýüregine düwýär. Başagaýlykda ýygnanyp ýola çykanlarynda, Maksy tapyp bilmeýärler.
Nikolaý ilki aýalyny ugradyp, soňra öý goşlary hem Maksyň yzyndan gelmegi planlaşdyrýar. Ýöne ýetişmändir. Şol wagta çenli eýýäm Gostomele rus desantçylary düşürilipdi.
«Buçany basyp aldylar, biziň jaýymyzda rus esgerleri ýerleşipdir. Olar biziň howlymyzda sowutly maşynyny goýupdyrlar. Goňşularymyz Maksy tapyp, ýanyna alyp bilmändirler, megerem, ol on günläp ýerzeminde ýaşan bolsa gerek. Ol ýerde atyşyk yzygider dowam etdi. Soňra ony ýokary çykaran bolsalar gerek. Bize Maksy obada görendiklerini aýtdylar» diýip, Alena gürrüňini dowam etdirýär.
Ogurlanmak hem onuň gaçmagy
31-nji martda rus goşuny köpçülikleýin doganlyk mazarlary we talanan öýleri taşlap, howlukmaçlyk bilen Buçany terk etdiler. Şondan soň Maks hem ýitipdir.
«Şol adamlaryň hereketini düşündirip bilemok, iş ýüzünde olar adam toparyna hem degişli däl. Olaryň kellesinde bir zat barmy, eden işleriniň netijesini kesgitläp bilýärlermi, ony-da bilemok. Buçada olar mart aýynyň ahyryna çenli saklandylar. Biziň jaýymyz azat bolandan soň, ol ýere sapýorlar giripdir. Olar çaga otagyndan çekip partladylýan granaty tapypdyrlar. Biziň hossarlarymyz gelipdir. Olaryň gürrüňlerine görä, tutuş jaý duw-dagyn edilen eken» diýip, Alena aýdýar.
Maks atly pişik ýitipdir.
Alena sosial ulgamlarda bildiriş goýup, pişigini agtaryp başlaýar. Bir aý geçensoň, oňa jaň gelipdir. Telefonyň ýüzünde nätanyş belarus belgileri peýda bolýar. Jaň edýän özüni Ýelena diýip tanyşdyrandan soň, Maksyň öz öýünde ýaşaýandygyny habar berýär. Oňa Alena ynanmansoň, Ýelena Maksyň suratyny ýollapdyr.
Pişiginiň boýnunda henizem ýüzi bezegli boýunbagy durupdyr. Medalyň arka tarapynda, Alenanyň aragatnaşyklary bolan QR kody bar eken. Şonuň kömegi bilen onuň eýesini tapmak mümkin bolupdyr.
Birleşmek
Şol fewral gününde Buçada maşgaladan aýra düşenden soň, Maksyň ýagdaýy şeýle bolupdyr.
Pişigi rus harbylary ogurlap, sowutly harby maşyn bilen Belarusa äkidipdirler. Görnüşinden, Maks Gomel sebitiniň golaýynda, olardan gaçyp, ýerli ýaşaýjylaryň ýanyna barypdyr.
Belarus meýletinçileri Maks üçin täze weterinar pasportyny edýärler hem çip ýasamaga kömek berýärler. Serhetde ol pişigi Polşadaky meýletinçilere gowşurýarlar, ondanam şol döwürde Çehiýada ýaşan Alenanyň eline gowuşýar.
«Men Maksy ýene-de maşgalamyza gaýtaryp bermäge kömek eden her bir adama örän minnetdar. Biz Ýelena bilen henizem aragatnaşyk saklaýarys. Eger ol bolmadyk bolsa, bilmedim, men pişigimi görüp bilmezdim. Elbetde, biz gürrüňdeş bolanymyzda, syýasat barada pikir alyşmaýarys. Bu aýratyn mesele» diýip, Alena düşündirýär.
Bikesiniň aýtmagyna görä, Maks örän horlanypdyr hem gowy iýip bilmeýän eken. Onuň üstüne nähilidir bir ýapyşak zat guýupdyrlar, şonuň üçin pişigi gyrkmaly bolýar.
Indi Maks özüni doly tutupdyr hem bikesi bilen Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde ýaşaýar.
Alena: «Häzir onuň ýagdaýy kadaly. Oňa daşary ýurt şertlerine öwrenişmek üçin, iki hepde gerek boldy. Işdäsi gowy. Oýnaýar, gezelenç edýär, garagolluk etmesi-de bar» diýýär.
Onuň özi çaltrak yzyna – Ukraina dolanmagy arzuw edýär, ýöne hiç bir ýagdaýda Buça barmakçy däl. "Biz Odessa ýa-da Kiýewe dolanmagy maksat edinýäs, ýöne öňki jaýymyza däl” diýip, Alena aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.