Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde bir aýaly urmakda güman edilýän daşary ýurtly tussag edildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Bişkegiň Oktýabr etrabynyň hukuk goraýjy işgärleri daşary ýurt raýatyny tussag etdi, ol dükanlaryň birinde satyjy aýala hüjüm etmekde güman edilýär diýip, Içeri işler müdirliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu waka 24-nji aprelde, paýtagtyň 6-njy etrapçasyndaky dükanlaryň birinde bolupdyr. Ejir çeken O.N. ol adamyň özüni sebäpsiz urandygyny, soň bolsa gaçandygyny aýtdy.

Oktýabr etrabynyň içeri işler müdirligi “huligançylyk” maddasy boýunça jenaýat işini açdy we güman edilýän erkek tussag edildi. Ol 1968-nji ýylda doglan daşary ýurt raýaty G.A. bolup çykdy.

Gyrgyzystanda aýallara hüjüm edilmegi seýrek bolýan zat däl. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Narynda bir nätanyş adam, bankomat nobatyndaky dawadan soň, bir gyzy urdy. Emma ol, maýyplyk şahadatnamasy sebäpli, tussag edilmän goýberildi.

Aýallar üçin parahatçylyk we howpsuzlyk indeksiniň (WPS) geçen ýylyň oktýabr aýynda çap eden hasabatynda Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda aýallar üçin iň howply ýurt hasaplanýandygy mälim boldy.

XS
SM
MD
LG