Tähran muzeýiniň arhiwinden syzyp çykan suratlar Eýrandaky Gajarlar dinastiýasynyň ýolbaşçylygyndaky durmuşy ýagtylandyrýar.
Eýranda Gajar şalary döwründe (1789-1925) düşürilen suratlaryň üç müňden gowrak toplumy Internetde peýda boldy.
Golaýda bu suratlaryň Tähranyň Gülüstan köşgüniň arhiwinden alnandygy tassyklandy.
Suratlar esasan 1800-nji ýyllaryň ahyrynda düşürilipdir. Bular Eýranda alnan ilkinji suratlardyr. Şol zamanda ol resmi taýdan Parslaryň Beýik döwleti diýlip atlandyrylypdy.
Syzyp çykan suratlar Eýranda geň galdyryjy dürli garaýyşlara sebäp boldy. Olar iýun aýynyň başynda, Google Drive-de birnäçe bukjada çap edildi.
Gülüstan köşgüniň arhiwinden alnan käbir suratlar ozal hem çap edilipdir. Mysal üçin, ýokardaky şekile ýalňyşlyk bilen "diriligine gömlen" ogrynyň suraty diýen beýanat berlipdir.
Beýleki suratlar öň hiç haçan çap edilmändi we olarda hiç hili beýanat ýok.
Taryhçy Hamidreza Hosseýini Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna Gülüstan köşgünde saklanýan suratlary görmegiň halk köpçüligi üçin, örän kyn bolandygyny gürrüň berip: "Hamana, olar muny mümkin boldugyndan, jemgyýetiň gözünden daşrakda saklamaga dyrjaşdylar” diýdi.
Suratlaryň ýaýradylmagy Eýranyň döwlet habar serişdeleriniň ýiti reaksiýasyna sebäp boldy.
Döwlet bilen baglanyşykly internet-habar portaly bu suratlaryň köpçülige açyk hödürlenmegini "Ähli ýurtlarda muzeý hazynalarynyň rugsatsyz çap edilmegi düýp manysy boýunça jenaýat hasaplanýar" diýip ýazgardy.
Fotosuratlar ýeterlik derejede köne, bu günki gün olar jemgyýetçilik baýlygy hasaplanýar. Bu bolsa, awtorlyk hukuklary baradaky kanunyň olara degişli däldigini aňladýar. Ondan daşary-da, Eýran edebiýat we sungat eserlerini goramak baradaky halkara Bern konwensiýasyna henize çenli-de gol çekmedi.
Suratlaryň Internetde ýerleşdirilmegine nämäniň itergi berendigi anyk däl. Ýöne ozal Gülüstan köşgi özüniň köpdürli foto arhiwindäki suratlara girmegi çäklendirýändigi üçin tankyt edildi.
Internete syzyp çykan müňlerçe suratlaryň käbiri jynsy ýa-da aşa erotik ýaly görünýär.
Ýalaňaç tenli suratlar gadagançylyga duçar edilipdir. Olary ýokardaky surat ýaly, bölekleýin örtüpdirler.
Birnäçe surat Gajar dinastiýasynyň wekili Nasyr ed-din Şanyň şekiline degişlidir. Ol Eýrany 1848-nji ýyldan, tä öldürilýänçä, ýagny 1896-njy ýyla çenli dolandyrdy.
Nasyr ed-din Eýran fotosuratynyň "altyn asyry" diýilýän bu sungatyň başlangyjynda, möhüm orun eýeleýär.
Şa Ýewropanyň köp ýerlerine ençeme syýahat edipdir we fotosurat önümçiligiň güýçli tarapdary bolupdyr. Bu tehnologiýa 1800-nji ýyllaryň ortalarynda, Günbatarda giňden ýaýrapdy.
Şanyň özi tejribeli fotosuratçy bolupdyr. Şeýlelikde, ýaňy-ýakynda Internetde peýda bolan suratlaryň birnäçesini düşüren şol hasaplanýar.
Suratlaryň köpüsi örän aýdyň, olar ajaýyp çuňňur täsirlige eýe. Aýna plastinasy bolan uly formatly kameralara mahsus usulda düşürilipdir. Şol döwürde beýle usul altyn standart bolupdyr.
Käbir suratdaky şekil oňaýsyz görünýär, belki-de, şol döwürde bar bolan tehnikanyň talaby şeýledir, suratyň owadan düşmegi üçin, adamlar uzak wagtlap şol bir şekilde durmaly bolupdyrlar.
Birnäçe surat Eýranyň çäginden daşarda düşürilipdir. Megerem, olar şanyň özi ýa-da onuň fotosuratçylary tarapyndan, daşary ýurt syýahatlarynyň çäginde alnandyr.
Suratda – Tbilisiniň merkezi Kura derýasynyň aňyrsyndan, Mtasminda baýyrlygynyň şekilinde surata düşürilipdir.
Syzyp çykan suratlar ýaýrandan soň, Gülüstan köşgüniň müdirligi ýakyn geljekde muzeýiň özi suratlary çap etjekdigini aýtdy.