Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji dekabrda Eýrandan sapara gelen iki resmini, energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Şeýle-de, prezident hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek, ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli pikir alyşmagyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan Eýran bilen aradaky gaz söwdasynda ýüze çykan düşünişmezlikler, şol sanda baha, bergi, töleg meselesinde dörän dawalar barada ilata maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.