Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda Lukaşenkanyň režimi tankytçylaryny jezalandyrmak üçin çagalaryny elinden alýar


Belarusdaky berk režimiň oppozisiýa aktiwistlerini gorkuzmak üçin olaryň çagalaryny elinden almagy bilen bagly ýagdaýlar barha köpelýär. (faýl suraty)
Belarusdaky berk režimiň oppozisiýa aktiwistlerini gorkuzmak üçin olaryň çagalaryny elinden almagy bilen bagly ýagdaýlar barha köpelýär. (faýl suraty)

Belarusly Wasil we onuň maşgalasy ýakynda "sosial taýdan howply" maşgalalaryň resmi sanawyna girizildi, bu ýagdaý onuň we aýalynyň ene-ata bolmak hukuklaryny ýitirmegine we çagalarynyň döwlet ýetimler öýlerine iberilmegine sebäp bolup biler.

Howpsuzlyk sebäpli ady üýtgedilen aktiwist Wasil, geçen ýyl "ekstremist materiallary ýaýratmakda" günäkärlenenden soň, öz adynyň sanawyna goşulandygyny aýdýar.

"Ekstremist materiallary ýaýratmak aýyplamasy, kanuny bozmagyň raýat görnüşi bolup, Belarusda ýurduň diýdimzor lideri Alýaksandr Lukaşenkanyň režimini tankytlaýan postlary sosial mediada paýlaşýanlara ýa-da olary halaýandygyny görkezýänlere garşy ulanylýar.

Içeri işler ministrligi polisiýanyň "ekstremist material" hökmünde görýän sanawyny yzygiderli täzeleýär we oňa Belarusda gadagan edilen köp sanly garaşsyz metbugatyň web sahypasy girýär. Şeýle media serişdelerine ýazylmak we makalalaryna teswir çap etmek ýa-da olary paýlaşmak raýaty ekstremizmde günäkärlemek üçin esas bolup bilýär.

"Jemgyýetçilik işgäri, ýerli hökümetdäki ýörite bir komissiýanyň maşgala başyna bary-ýogy 15 minut wagt sarp edip, onuň jemgyýet üçin howp döredýänleriň sanawyna salyp-salmazlygy hakynda netije çykarýandygyny gürrüň berdi " diýip, Wasil Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Wasil, öz çagalarynyň mekdebinden we maşgalasynyň ýagdaýyna baha beren köp sanly ýerli hökümet edaralaryndan berlen "ajaýyp" bahalaryň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, maşgala barada berlen gowy bahalar komissiýanyň kararyna hiç hili täsir etmedi, Wasil hökümete garşy garaýyşlary sebäpli ony jezalandyrmak üçin syýasy sebäpleriň ulanylýandygyny hasaplaýar.

Alýaksandr Lukaşenka 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda galýar. (faýl suraty)
Alýaksandr Lukaşenka 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda galýar. (faýl suraty)

Mundan ozal adam hukuklaryny goraýjy toparlar Belarusy syýasy tussaglaryň çagalaryny elinden almak ýa-da olary howp astyndaky maşgalalaryň sanawyna girizmekde tankyt edýärdi.

Hökümet Belarusda syýasy tussaglaryň ýokdugyny öňe sürýär. Emma adam hukuklaryny goraýjy toparlar 1300-e golaý syýasy tussagyň bardygyny, olaryň köpüsine lukmançylyk kömegini almak we garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamak üçin mümkinçilik berilmeýändigini aýdýarlar.

“Galp” saýlaw

Bir wagtlar "Ýewropanyň soňky diktatory" diýlip atlandyrylan Lukaşenka 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda galýar. Russiýanyň ýakyn ýarany, Belarus lideri saýlaw manipulýasiýasynda, başgaça pikirli adamlary yzygiderli basyp ýatyrmakda we metbugaty hem-de raýat jemgyýetini berk çäklendirmelerde aýyplanýar.

Azatlyk bilen anonimlik şerinde gürrüňdeş bolan Wasil we beýleki belaruslylar häkimiýetleriň öň syýasy tussaglara garşy ulanan tejribäni giňeldip, indi ekstremist materiallary ýaýratmakda günäkärlenýän ene-atalara garşy ulanýandygyny bellediler.

Ene-atalar bu çäreleriň 26-njy ýanwarda geçiriljek prezident saýlawynyň öňüsyrasynda ähli hökümet tankytçylaryny dymdyrmak üçin döredilendigine ynanýarlar, 70 ýaşly Lukaşenka 7-nji möhlete saýlanar diýlip garaşylýar.

Saýlawlaryň galp boljagy çak edilýär we Lukaşenkanyň dolandyryşyny güýçlendirmek üçin maşk hökmünde garalýar. 17-nji ýanwarda şol wagt ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Belarusyň "repressiw gurşawy" sebäpli kanuny demokratik prezident saýlanmagyna päsgelçilik döredýändigini belläpdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ene-atalar maşgalalaryň sanawa girizilenden soň, çagalaryň hossarlygyny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

Gara sanawa girizilen maşgalalara ýakyndan gözegçilik edilýär we maşgalalar ýerli häkimiýetleriň we lukmanlaryň çagalaryň hal-ýagdaýyny barlamak bahanasy bilen hepdede alty gezek öýlerine duýdansyz barýandygyny gürrüň berdiler.

Wasil bu ýagdaýyň özüne täsir edýändigini, ýöne mekdepde hökümetiň yzygiderli wagyz-nesihatlaryna sezewar bolýan çagalaryna ýetirilýän täsirleriň özünde has uly alada döredýändigini aýtdy.

"Gowşak maşgala" statusy çagalara ýaramaz täsir edýär we olary ene-atalaryna garşy goýum bilýär" - diýip, Wasil aýtdy. "Çagalar kakam ýa-da ejem sebäpli kynçylyk çekýärin, şonuň üçin özümi olardan daşlaşdyryp, hiç zatda görelde almazlygym has gowudyr" diýen pikire gelip biler".

Polisiýa 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Minskde geçirilen ýörişde hökümete garşy demonstrantlara garşy pürkýän topuny ulandy.
Polisiýa 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Minskde geçirilen ýörişde hökümete garşy demonstrantlara garşy pürkýän topuny ulandy.

Närazylygy basmarlamak

Wasiliň aýdyşy ýaly "düzediş ýoluna" düşmek üçin üç aý wagt berlipdir, bolmasa öz çagalarynyň "maşgaladan aýrylandygyny" görjekdigi duýdurylypdyr. Wasil şu sebäpden Belarusdan gitmek kararyna gelipdir.

Häkimiýetleriň tankytçylaryna garşy ulanmak üçin çagalary ellerinden almak kampaniýasynyň näçe ene-ata täsir edendigi belli däl.

Belarusyň günorta-günbataryndaky Brest sebitiniň sudýasy Swýatlana Ilýuşinanyň sözlerine görä, 2023-nji ýylda Belarusyň sudlary 1225 erkek adamy, 595 aýaly we 467 jübüti ene-atalyk hukugyndan mahrum edipdir.

Bu wakalaryň näçesiniň syýasy sebäplere degişlidigi belli däl.

Lukaşenka altynjy möhlete ygtyýarlyk beren 2020-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan soň ýüze çykan köpçülikleýin hökümete garşy ýörişlerde hökümetiň görkezen gysyşlarynyň netijesinde müňlerçe adam tussag edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG