Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýdeniň Netanýahu bilen Ysraýylyň Eýranyň zarbalaryna jogabyny maslahat etmegine garaşylýar – media


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen. Tel-Awiw. 18-nji oktýabr, 2023 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen. Tel-Awiw. 18-nji oktýabr, 2023 ý.

9-njy oktýabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar diýip, media habarlarynda bellenilýär. Bu aralykda, Ysraýylyň güýçleri Liwanyň günortasynda Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah jeňçilerine garşy gury-ýer operasiýasyny dowam etdirýärler.

Reuters we Axios agentlikleriniň, ýagdaýlardan habarly, ýöne anonim galmak islän çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda geçen hepde Tähranyň, Hezbollahyň lideri Hassan Nasrallahyň Ysraýyl tarapyndan öldürilmegine jogap edip, ýewreý döwletine garşy amala aşyran aglaba şowsuz raketa hüjümine mümkin jogap planlary hem maslahat ediler.

Bu gepleşikler awgustdan bäri Baýden bilen Netanýahunyň arasyndaky bilinýän birinji habarlaşma bolar.

ABŞ Liwanyň günortasyndaky aglaba ýerlere gözegçilik edýän hem topar, hem-de syýasy partiýa bolan Hezbollahy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Ýewropa Bileleşigi toparyň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy, ýöne onuň Liwanyň parlamentinde orunlary eýeleýän syýasy bölümine garşy gadagançylyk girizmedi.

9-njy oktýabrda Hezbollah Liwanyň serhedindäki Labbounes obasynyň golaýyndaky Ysraýylyň esgerlerine garşy artilleriýa we raketa zarbalaryny atandygyny aýtdy.

Topar ýene bir beýanat ýaýradyp, Liwanyň günorta-gündogaryndaky Bilda şäheriniň töwereklerinde hem Ysraýylyň güýçleri bilen söweşýändigini aýtdy.

9-njy oktýabrda irden Ysraýylyň harbylary Liwandan atylan iki raketanyň urlandygyny mälim etdiler. Şol bir wagtda, Kesariýa şäherinde we töwereklerine howa hüjümi baradaky duýduryş signallary ýaňlandy.

Bu soňky çaknyşyklar sebitde has giň gerimli konfliktiň tutaşmak howatyrlary arasynda bolup geçýär. Bu aralykda, Ysraýyl Nasrallahyň mümkin mirasdüşeriniň görnüşinden “ýok edilendigini” öňe sürdi.

8-nji oktýabrda Ysraýylyň goranmak ministri Ýoaw Gallant Hezbollahy “başsyz bir gurama” diýip atlandyrdy.

“Nasrallah ýok edildi. Onuň ornuna goýlan hem ähtimal ýok edildi” diýip, Gallant başga goşmaça jikme-jik bermän, çykyş etdi.

“Kararlary kabul eder ýaly hiç kim ýok, hereket eder ýaly hiç kim ýok” diýip, ol sözüne goşdy.

Mundan soň Netanýahu hem meňzeş beýanat edip, “biz Hezbollahyň mümkinçiliklerini peseltdik” diýdi.

“Biz müňlerçe terrorçyny, şol sanda Nasrallahyň özüni, Nasrallahyň ýerine geleni, we ol ýerine geleniň ornuna geleni hem aradan aýyrýarys” diýip, Netanýahu aýtdy.

Hezbollahyň ýokary derejeli resmisi we Nasrallahyň doganoglany Haşem Safieddineniň toparyň başyna geçmegine garaşylypdy. Emma Ysraýylyň 2-nji oktýabrda Hezbollahyň ýokary derejeli agzalarynyň duşuşygyna meňzeýän toparlanyşyga uran zarbasyndan bäri, onuň nirededigi we haýsy ýagdaýdadygy nämälim bolmagynda galýar.

Hezbollah Safieddineniň ykbaly boýunça beýanat bermedi. Ýöne toparyň ady agzalmadyk agzalary dürli habar serişdelerine, hüjümden bäri onuň bilen habarlaşyp bolmaýandygyny aýtdylar.

ABŞ Safieddineni global terrorçy hökmünde ykrar etdi.

8-nji oktýabrda Ysraýylyň harbylary Hezbollah toparynyň ýene bir ýokary derejeli serkerdesiniň öldürilendigini yglan etdiler. Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň beýanatyna görä, 7-nji oktýabrda amala aşyrylan takyk nyşan zarbasynyň netijesinde, Eýran bilen ilteşikli Hezbollah toparynyň logistika, býujet işlerine seredýän agzasy Suhail Husseini öldürilipdir.

Bu aralykda, ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris CBS tele-kanalynyň “60 Minut” gepleşigine beren interwýusynda, Eýrany Birleşen Ştatlaryň iň uly garşydaşy hasaplaýandygyny aýtdy.

“Eýranyň ellerinde Amerikanyň gany bar” diýip, Harris aýtdy. “Ysraýyla edilen bu hüjüm bilen baglylykda gören zadymyza görä, 200 ganatly raketa, biz Eýranyň hiç haçan ýadro güýç bolmak mümkinçiligine eýe bolmajakdygyny kepillendirmelidiris – bu meniň iň wajyp meselelerimiň biri” diýip, ol sözüne goşdy.

Demokratik partiýadan dalaşgär Harris 5-nji noýabrdaky prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan kandidat Donald Tramp bilen bäsleşer.

Harris birden Eýranyň ýadro ýaragyny gurýandygy barada delil bolsa, onda Birleşen Ştatlaryň özüniň harby çärä girişip-girişmejekdigi baradaky sorag babatynda çaklamalary etmekden saklandy.

Tähran bu görnüşli ýaraglary özleşdirmeýändigini aýdyp, özüniň ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlaryna niýetlenendigini aýdýar.

Forum

XS
SM
MD
LG