Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balykçylar deňizden kowulýar, bazarda esgerleriň tutan balyklary satylýar - çeşme


Hazar deňzindäki balykçylar. Bezeg suraty
Hazar deňzindäki balykçylar. Bezeg suraty

Balkanly balykçylar, balyk tutmak baradaky rugsatnamalaryna garamazdan, deňze goýberilmeýär. Azatlygyň ýerli habarçysy bu ýagdaýyň diňe balykçy maşgalalaryna däl, bazarlardaky balyk bahalaryna hem täsir ýetirýändigini habar berýär. Balkanly çeşme balykçylara ‘döredilýän emeli päsgelçilikleri’ bu önümçilige deňizçi harbylaryň goşulyşmagy bilen baglanyşdyrýar.

Reýdler Türkmenbaşy etrabynyň kenarlarynda tas ähli ýerde geçirilýär, deňizçi esgerler mundan 1-2 ýyl öň kenardan 30 kilometr çemesi çäkde, serhet zonasynda gezýärdi, indi deňziň ähli ýerinde harby gämileri görmek bolýar diýip, çeşme aýtdy.

Balygy soňky bir ýylda diňe Çeleken kenarlarynda tutup bolýardy, Türkmenbaşy, Garabogaz, gazak deňiz serhedi tarapyna geçmek bolmaýar; Türkmenbaşyda bir balykçy rugsatnamasy astynda azyndan 10 adam işleýär, bu gadaganlyk diňe bir etrapda 250 çemesi adamy balykdan gazanç etmekden kesdi diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

“Deňizçi harbylar welaýatdaky balyk tutmak we satmak biznesiniň monopoliýasyny doly ele alýana meňzeýär” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, balykçylaryň deňze goýberilmezligi Jangadaky deňiz goşunlary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolsa-da, bu ýagdaý barada resmi, açyk düşündiriş berilmeýär.

“Balykçylar harby gämiler üçin päsgelçilik döredýär, olaryň torlary gämileriň hereket kardanlaryna çolaşýar diýen bahana ulanylýar, muny baryp, ýerinde barlap bolmaýar" diýip, çeşme meseläniň aýdylyşy ýaly däl bolmagynyň gaty mümkindigini belledi.

Azatlyk maý aýynda balygyň eýýäm üç bäri gymmatlaýandygyny habar beripdi. Barha ýokarlanýan bahalar häkimiýetleriň ilaty balyk önümleri bilen üpjün etmek barada eden uly gürrüňleriniň ýer tutmandygyny, ýagdaýyň has-da çylşyrymlaşýandygyny yşarat edýär.

Bir-birinden aýratynlykda gürleşilen iki balykçynyň aýtmagyna görä, bu ‘bahana’ geçen ýylyň baharynda, balykçylar bilen deňizçi serkerdäniň arasynda dörän konfliktden uç alýar.

“…geçen bahar aýynda 10 kg bekre balygyny we 1 kg bekre işbilini soranda bermändikleri üçin balykçylar bilen deňizçi serkerde arasynda konflikt döräp, balykçylara uly zyýan getirdi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen balykçy kynçylyk döreden deňizçi ofiseriň adyny hem aýtdy. Emma Azatlyk beýleki tarap bilen gürleşip, düşündiriş almak mümkinçiligi bolmansoň, onuň adyny aýtmaýar.

Bu dawa, aýdylmagyna görä, tomusda tasdan ähli balykçynyň deňze goýberilmezligine, Hazaryň Türkmenbaşy etrap kenarlaryndaky balykçylaryň tas ählisiniň işsiz galmagyna alyp gelipdir.

“Deňizde diňe “Hazar Balyk” kärhanasynyň katerlerine çäkli möçberde balyk tutmak rugsady berilýär. Hususy ýagdaýda balyk tutmak ygtyrýarnamasy bolan, ýöne deňze goýberilmeýän balykçylar para berip, Hazar balyk kärhanasyndan galp resminama aljak bolýarlar. Olaryň arasynda galplygy anyklanyp, bar bolan rugsatnamalaryny ellerinden aldyran balykçylar hem bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Balykçylyk pudagynda saklanyp galýan kynçylyklary bazarlardaky balyk bahalary hem tassyk edýýär.

“Şu tomusda deňiz ýakasyndaky şäherde satylýan balyklaryň ählisiniň bahasy 100% çemesi gymmatlady” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyga aýtdy.

Anonimlik şertinde gürleşen rugsatnamaly balykçy “bazara esasan deňizçi esgerleriň tutan balyklarynyň getirilýändigini, serkerdeleriň esgerlere tutduran balyklaryny tanyş üsti bilen bazarlara ýerleýändigini” öňe sürdi.

Şeýle-de, ol balyk tutmakdan gazanç edýän harbylary “balyk brakonýerleri” diýip atlandyrdy.

“Harby gullukçylar balygyň köp toplanýan ýerlerinde gaty sesli emeli dinamit partladyp, balyklary köpçülikleýin gyrýarlar we geregini ýygnap alýarlar. Gerekmejek ownuk balyklar deňizde maslyga öwrülip galýar, olar balyklara we deňze uly zyýan ýetirýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýurt maglumat we žurnalistleriň açyk işlemegi üçin doly ýapyk we howply bolansoň, Azatlyk bu habarda aýdylýan zatlar barada Goranmak ministrliginden, Senagat ministrliginden we Balkan sebitiniň resmilerinden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň oktýabrynda Döwlet balyk hojalygy komitetini Senagat ministrligine birleşdirmek baradaky karar gol çekdi. Bu karar şonda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň iş görnüşlerini giňeltmek we içerki bazaryň balyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen düşündirilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG