Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Azatlygyň öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy


Merhum žurnalist Hudaýberdi Allaşow
Merhum žurnalist Hudaýberdi Allaşow

Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy. Ýagdaýdan habarly çeşmeler Hudaýberdiniň 13-nji awgustda Köneürgenç şäherinde aradan çykandygyny tassyklady. Ol 35 ýaşyndady. Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin, türkmen häkimiýetleri tarapyndan oňa "seni gabyra gabarys" diýen haýbat atylan žurnalist 14-nji awgustda jaýlandy.

Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Hudaýberdi uzak wagtlap keselläpdir. Türkmen häkimiýetleriniň, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin, žurnalisti üznüksiz kemsitmelere we basyşlara sezewar etmegi netijesinde onuň saglygyna zyýan ýetdi. Žurnalist Azatlyk Radiosy bilen 2016-njy ýylda (Mekan Täşliýew lakamy bilen) bary-ýogy 3 aý işleşipdi. Şol ýylyň dekabr aýynda hem ol ejesi bilen nas saklamakda aýyplanyp tussag edildi.

2017-nji ýylyň fewralynda Hudaýberdi bilen ejesi Gurbantäç Arazmedowa 3 ýyl şertli ýagdaýda, türme tussaglygyna höküm edildi. Aslynda bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda nas saklaýandygy üçin jenaýat jezasy göz öňünde tutulmaýar.

Azatlyk 2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda žurnalist we onuň ejesiniň tussag edilen gününde, Daşoguz welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň onuň žurnalistlik işleri barada bilendigini anyk bilýär.

Şonda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Köneürgenç polisiýa bölüminde, Hudaýberdi bilen Gubantäjiň rehimsizlik bilen gynalandyklaryny, şol sanda elektrik toguna tutulandygyny habar beripdi. Şeýle-de, Azatlyk žurnalistiň we onuň ejesiniň işine Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýatyndaky bölüminiň seredendigini hem bilýär. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň gullukçylary Hudaýberdi bilen Gubantäjiň tussag edilmegi bilen bir wagtda, žurnalistiň aýaly Ejeş Arazgylyjowany we iki kiçi çagasyny-da soraga çagyrypdy.

Žurnalist we onuň ejesi türme tussaglyk hökümi bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda, daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň goşulmagy netijesinde, şertli hökümi çykartmak başartdy.

Şertli ýagdaýda azatlyga çykanlaryndan soň, Hudaýberdiniň we onuň ejesiniñ saglygy agyrlaşyp başlady. Ýöne ýerli lukmançylyk edaralary Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz bölüminiň basyşy boýunça, olara lukmançylyk kömegini bermekden ýüz öwürdi.

Hudaýberdi türmeden boşadandan soň, Azatlyk bilen hyzmatdaşlygy doly bes edendigine garamazdan, Türkmen häkimiýetleri Allaşowlar maşgalasyndan ar almagyny dowam etdirdiler. Şeýlelikde, 2019-njy ýylyň oktýabrynda ony ýene-de Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri alyp gidip, birnäçe sagatlap soraga çekip, urup-ýenjipdirler. Şol günüň agşamy, başdan geçirilen howsala-gorky sebäpli, Allaşowyň ejesi özüni ýaramaz duýup başlaýar we ony hassahana ýerleşdirýärler. Iki gün geçensoň, Gurbantäç Arazmedowa ýürek agyrysy sebäpli aradan çykdy.

Gurbantäç Arazmedowanyň ölüminden soň hem azar bermeler we haýbat atmalar dowam etdirildi. 2019-njy ýylyň noýabrynda geçirilen ýene bir soragda, polisiýa işgäri Allaşowa "onuň özüni gabyra gabaýança" häkimiýetleriň köşeşmejekdigini aýdýar.

2023-nji ýylyň dekabrynda Hudaýberdi ýene-de tussag edildi. Köneürgenç etrabynyň jenaýat-gözleg bölüminiň işgärleri, bu gezek oňa "seni uzak wagtlap türmä basarys" diýdiler. Emma bu işe ýene-de halkara guramalary we diplomatlar goşuldylar. Netijede, Hudaýberdi 15 gün administratiw tussaglykda saklandy.

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz žurnalistlerden ar almak we repressiýa çäreleri bilen ýakasyny tanadyp gelýär. 2006-njy ýylda türkmen türmesinde žurnalist Ogulsapar Myradowa ýogaldy. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň pikirine görä, onuň ölümi gynamalaryň netijesi bolupdyr. BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti 2018-nji ýylda Türkmenistany Ogulsapar Myradowanyň gynamalary we ölümi üçin jogapkär tapdy.

35 ýaşyndaky Hudaýberdi Allaşowyň uzaga çeken hassalygy hem şübhesiz türkmen häkimiýetleriniň yzarlamalary, jebir-sütemi, şeýle-de "seni gabyra gabarys" diýip haýbat atmalary onuň ölümine sebäp boldy.

Allaşow öz maglumatlarynda Daşoguzda pagta ýygymy döwründäki mejbury zähmet, azyk önümleriniň gytçylygy, býujet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi ýaly ýagdaýlar barada habar berýärdi.

Hudaýberdiniň yzynda aýaly hem kämillik ýaşyna ýetmedik iki çagasy galdy.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasynyň we ýerli habarçylarynyň adyndan merhumyň ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýäris, onuň yzynda galanlara uzak ýaş arzuw edýäris.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG