Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Auschwitz: Häzir we Öň


Ýetmiş ýyl mundan ozal Nasist goşunlary Gyzyl armiýasynyň barha golaýlaşmagy bilen Auschwitz lagerinde aman galan 60 müň ýersiri “ölüm marşyna” mejbur etdi. Olaryň dörtden bir bölegi öldi. Sowet goşunlary lageri 1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda azat etdiler.

Sowet goşunlarynyň barha ilerlemegi bilen lagerdäki binalary, gaz kameralaryny we peçleri ýykmak işleri togtadylypdy. Netijede milliondan hem aşa adamyň öldürilen bu lageri häzirki güne çenli hem gowy saklanyp galypdyr.

Photo 1 Photo 2
Esasy girelge. Sag tarapdaky surat 1945-nji ýylda, lager azat edilen wagty surata düşürildi. Onuň şu günki ýagdaýy hem köp üýtgemändir. Suratdaky kran lageriň azat edilmeginiň 70 ýyllygyna gabatlap geçiriljek çäreleriň taýýarlyk işlerine gatnaşýar.
Photo 1 Photo 2
Sag tarapdaky suratda 1944-nji ýylyň maýynda ýewreý eneler çagalary bilen gaz kameralaryna tarap barýarlar. Suratyň arkasynda Auschwitz lagerine degişli Birkenau lageriniň baraklaryny hem görmek bolýar. Olar lager azat edilenden soň ýumrulsa-da, binalaryň peç turbalary saklanyp galypdyr.
Photo 1 Photo 2
Auschwitz I lageriniň esasy derwezesi. Derwezäniň üstünde “Arbeit macht frei” (“iş seni azat eder”) diýen ýazgy bar. Bu ýeriň ýagdaýy hem üýtgewsiz saklanyp galypdyr.
Photo 1 Photo 2
2015-nji ýylyň ýanwarynda turistler Blok 15-iň öňünden geçip barýarlar. Binanyň daşynda nasistleriň diken Roždestwo arçasy hem dur.
Photo 1 Photo 2
Auschwitz lagerindäki Crematorium I. Jesetleri ýakmak üçin şular ýaly krematoriýalaryň dördüsi ulanylypdy. Crematoria II we III sowet goşunlary gelmezden ozal SS tarapyndan ýumruldy. Crematorium IV 1944-nji ýylda ýesirleriň gozgalaňy netijesinde ýok edildi.
Photo 1 Photo 2
Blok 11-iň öňündäki “Ölüm diwary”. Bu ýerde tussaglar atylyp öldürilýärdi. Blok 11 ýörite adamlary gynamak üçin ulanylýardy.
XS
SM
MD
LG