Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Arkadag” dostlukly oýunda ilkinji ýeňlişlerine sezewar boldy


“Arkadag” FK 2023-nji ýylyň aprelinde, adybir şäheriň açylmagynyň öň ýanynda döredildi
“Arkadag” FK 2023-nji ýylyň aprelinde, adybir şäheriň açylmagynyň öň ýanynda döredildi

2023-nji ýylda ýurtda geçirilen içerki ýaryşlaryň ählisinde ýeňiji bolan “Arkadag” futbol kluby daşary ýurt toparlary bilen oýnalan üç sany dostlukly ýaryşa gatnaşyp, olaryň ikisinde öz taryhyndaky ilkinji ýeňlişlerine sezewar boldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

Türkmen kluby 31-nji ýanwarda Demirgazyk Makedoniýanyň “Wardar” topary bilen bäsleşip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu habar Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, şeýle-de ýurduň resmi metbugaty tarapyndan halka ýetirildi.

Emma muňa garamazdan, 8-nji fewralda Ukrainanyň “Donetsk şahtýory” toparyndan 4:1 hasabynda utulmagy netijesinde, “Arkadagyň” ýeňilmän oýnan oýunlarynyň arasy kesildi.

Şondan iki gün soň, 10-njy fewralda bolsa, “Arkadag” Ukrainanyň “Dnepr-1” kluby bilen bäsleşip, 0:1 hasabynda, ýene bir ýeňlişe mynasyp boldy.

Ukrainanyň futbol toparlary bilen oýnalan oýunlar barada ne Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, ne-de döwlet habar gullugy habar berdi.

Garaşsyz neşir bu iki oýnuň iň gowy pursatlaryndan görkezilen wideo kliplerine “Arkadagyň” oýunçylarynyň oýun derejesiniň ukrain premýer-ligasynyň futbolçylarynyň derejesinden pesdigini belleýär.

“Arkadag” FK 2023-nji ýylyň aprelinde, adybir şäheriň açylmagynyň öň ýanynda döredildi we futbol möwsüminiň 24 oýnunda ýeňiş gazanyp, mümkin bolan 72 utugy gazanyp, ýurduň çempiony boldy, Türkmenistanyň futbol kubogyna eýe boldy.

XS
SM
MD
LG