Tastübek – Aral deňziniň kenaryndaky kiçiräk balykçy obasy. Aral deňzi gurap başlanynda, bu ýerde ýaşaýyş tas duran ekeni. Kökaral bendi gurlup gutarandan soň, suw ýene-de deňziň demirgazyk bölegini dolduryp, şonuň bilen balykçylar hem gaýdyp gelipdirler. Häzir demirgazyk Aral ýene ýalpaklaşýar, ýöne Tastübekdäki durmuş adaty bolşy ýaly dowam edýär: balykçylar her gün yhlas bilen deňze tor taşlaýarlar, soňra bolsa ata-babalarynyň asyrlar boýy edişi ýaly, tutan ujypsyzja awyny ýygnaýarlar.
Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Syrderýa dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýa howdanynyň problemalaryny öwrenýän we olary çözmegiň ýollaryny agtarýan hünärmenler bilen söhbetdeş boldy.
Ir säher. Men Aral deňziniň eteginden köne otluda syýahata barýaryn. Meniň ýolum Gyzylordadan Aralsk şäherine çenli, bir wagtlar ol şäher kölüň kenarynda ýerleşýärdi, ýerli halk bolsa oňa deňiz diýýärdi. Öň bu ýerde uly suwuň bolandygyny indi köp adam ýatlap hem bilmeýär.
Aral deňziniň tolkunlary şäher gämi duralgasyna gelip urup durka, portda balykçy gaýyklar ýerleşipdir. Ondan bäri ýarym asyrdan gowrak wagt geçdi. Portuň guran düýbünde sähranyň gyzgyn ýeli öwsüp, duzly tozany ýokary göterýär.
Aralsk şäheri meniň ahyrky duralgam däl. Bu ýerlerden çekilen deňiz kenaryna çenli ýene köp gitmeli. 1980-nji ýyllaryň ahyrynda çalt gurap başlan Aral deňzi iki bölege – demirgazyk hem günorta bölündi. Deňziň demirgazyk bölegine (häzir Kiçi Aral diýilýär) Syrderýanyň aşakky akymy guýýar. Ol ýerde bolsa suwuň günorta Arala gitmezligi üçin bent guruldy.
Ilkibada bendi beýik çägeden hem toýundan berkitdiler, ýöne ol gowşak bolup, ony tolkun iki gezek ýuwdy. Netijede, Bütindünýä banky düýpli derejeli beton bendi gurmak üçin, pul bölüp berdi. 2005-nji ýylda 13 kilometrlik Kökaral bendi peýda boldy, ýöne ol hem gutarnykly bolmady.
Häzir Kiçi Aralyň suwuň mukdaryny artdyrmak üçin, bendiň derejesini alty-sekiz metr ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada gürrüň edilýär. Ýöne munuň üçin ýene-de ummasyz pul gerek bolýar.
Golaýdaky ýarym öli deňizde adamlar ýüzlerçe ýyl mundan ozalky ata-babalarynyň kesbini ýöredip, balyk tutmak bilen gündelik çöregini gazanmagyny dowam edýärler.
TASTÜBEK
Men Aralskda otludan düşüp, ýolumy maşynda dowam etdirdim. Meni ýapon ulagy Tastübek obasyna alyp barýar. Ol şäherden ýüz kilometr uzaklykda, ondanam bäş kilometr aňyrda deňiz başlanýar. Ol ýerde balykçylar hem maldarlar ýaşaýarlar.
Maşynyň eýesi Serik, ol 40 ýaşlarynda. Aralsk şäherinde doglup, şol ýerde ulalypdyr. Ol ýeriň özüne ýaraýandygyny, hiç ýere gitmek islemeýändigini aýdýar. Serik bir wagtlar şäheriň golaýynda deňziň bolandygyny ene-atasynyň gürrüňinden bilýär. Olaryň durmuşy Aral deňzi bilen aýrylmaz baglanyşykly eken.
— Ejem “Aralbalyksenagat” zawodynda 25 ýyllap işläpdir. Örän uly zawoddy – diýip, Serik gürrüň berýär. – Aralda suw bolan wagtynda, balyk zawodynda üç müňe golaý adam işläpdir. Kakam gämi gurluşyk zawodynda işläpdir. Ýöne suw çekilenden soň, ol kärhanalaryň ählisi ýapyldy.
Serigiň Aralsk şäherinde öz kiçi biznesi bar: ol Aral ýakalarynyň belli ýerlerine syýahatçylary äkidýär. Birwagtlar gämileriň mazarçylygyny görmek mümkin eken, indi ýerli ýaşaýjylar olary kesip, köne metal ornunda tabşyrýarlar. Serigiň aýtmagyna görä, syýahatçylyk işi girdejili, ýöne möwsümleýin, sebäbi gyşda ýat adamlar bu ýerlere seýrek gelýärler.
Biz dürli gürrüňler bilen Žalanaş obasyna ýetdik, öňler bu ýer hem balykçylyk obasy eken.
1990-njy ýyllarda Aral deňziniň suwy şeýle çekildi welin, onsuzam kiçijik oba (30 ýyl mundan ozal Tastübekde 90-a golaý jaý bardy) tas boşap galypdy. Ol ýerde gidere ýeri bolmadyk ýedi-sekiz maşgala ýaşamagyny dowam edýärdi. Bent gurlandan soň, suw Aral deňziniň demirgazyk bölegine dolanyp başlanda, adamlar Tastübek obasyna gaýdyp geldiler. Olaryň köprägi balykçylyk bilen durmuş aýlamagy umyt edýän işsiz ýaşlardy.
Häzir Tastübekde 120 adam, belki-de ondan azrak ýaşaýar. Obada dört ýyllyk mekdep, elektrik üpjünçiligi we geçirijili internet bar. Internet bir ýyl mundan ozal peýda boldy, ol gowşak bolsa-da, WhatsApp-da suratlary ibermäge, Tik-Tok-da wideo görmäge ýeterlik.
Biz iki dogan Seržan bilen Nuržanyň öýüne myhman bolduk. Olaryň ulusy Seržan köp wagtlap Aralskda ýaşapdyr, emma köplenç öz dogduk obasynda bolýar. Nuržan bolsa bütin ömrüne Tastübekde ýaşap, bu ýerden gitmek niýeti ýok. Ol balykçylyk hem maldarçylyk bilen meşgullanýar: düýeleri, atlary köpeldýär. Aýaly Aýkörke mekdepde mugallyma bolup, çagalary terbiýeleýär. Olaryň dört çagasy bar.
Ýeliň hem günüň täsirinden ýüzi garalan Nuržan gysga boýly, geplemegi halamaýan ýigit, özi barada az gürleýär.
– Bu ýerde meniň kakam balyk tutupdyr. Atam hem balykçy eken, diýmeli, men olaryň kesbini dowam etdirýärin. Tastübek maňa diýseň ýaraýar, parahat hem ümsümlik, deňiz golaýda, balyk bar. Men bu ýerden ertiriň özünde-de göçüp bilerin, ýöne islemeýärin, sebäbi bu meniň watanym. Tomus aýlarynda kumus we şubat taýýarlaýarys, güýz aýlarynda et satýarys, gyş bilen ýazda bolsa balyk tutýarys.
Howluda düýeler üçin agyl hem birnäçe ammar bar. Agşamlaryna Aýkörke düýeleri sagyp, satmak üçin şubat, ýagny düýe çalyny taýýarlaýar. Bosagada bolsa aw iti – tazy ýatyr. Nuržan güýz aýlarynda, kenarýaka gamyşly ýerlerde ördek atyp bolýandygyny, sährada bolsa towşan kowalaýandygyny gürrüň berýär.
Balykçylyk hem möwsümleýin iş. Onuň bilen esasan gyşda hem ýazda meşgullanýarlar. Sowuk howada balyk özüni aktiw alyp barýandygy sebäpli, köplenç tora düşýär. Tutulan aw bolsa zaýalanmaýar, ony zaýasyz şähere äkidip bolýar. Tomsuna yssy howa zerarly balygyň bahasy peselýär. Ondan başga-da, balyklar tomsuna has aşakda, suwuň tereň ýerinde bolýarlar, ony tutmak kynlaşýar. Tomsuna balygy, esasan, öz zerurlyklary üçin tutýarlar.
– 2019-njy ýyllardan, deňiz ýene-de ýalpaklap başlady, sebäbi Syrderýada suw azaldy – diýip, Nuržan gürrüň berýär. – Balyklaram azaldy.
Agşam golaýlap barýar. Nuržan bilen Seržan balykçylyk enjamlaryny ýygnaýarlar. UAZ oba ýolundan geçip, deňze tarap barýar. UAZ – Tastübekde iň amatly transport, hatda ýeke-täk transport diýse-de boljak. Men bu ýerde başga bir ulagy görmedim. Seržan muny sadaja düşündirýär: gowy ýollaryň ýok ýerinde çydamly hem arzan, beýle maşyn bu ýerler üçin iň gowy ulag.
Gün ýaşar çagynda balykçylar ýalpak suwuň içinde başagaý bolýarlar: gaýyklary taýýarlap, enjamlary oňa geçirýärler. Seržan bilen Nuržan hem torlary motorly gaýyga ýükleýärler. Olar basym deňze çykmaly.
Nuržan gaýygyň yzynda berk otyr, bir eli bilen motora erk edýär, beýleki elinde GPS kysymly nawigatory tutup, torlary gurmaly ýerini takyk kesgitleýär.
Ahyry gaýyk badyny haýallatdy. Seržan bilen Nuržan torlary taýýarlap başlaýarlar, soňra GPS nawigatory bilen tor taşlanýan ýeri anyk ölçege aldylar.
Biziň saklanan ýerimiz beýle çuň däl: suwuň aşagyndaky düýpden ösýän ösümlikleri görse bolýar.
Kenara dolanýarys. Doganlar Aral deňzinden nähili balyklaryň tutulýanyny gürrüň berýärler. Olar: kepir, garabalyk, žereh, çüýbalyk hem ýalpyldawuk zagara balyklary.
Nuržan 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda gurap barýan Aral deňzine Azow deňzinden kambala balyklarynyň goýberilendigini gürrüň berdi. Olar bu ýerde çalt köpelipdirler. “Soňra men ýokary derejeli duzly suwlarda kambalanyň özümi gowy duýýandygyny, çalt köpelýändigini okadym. Kökaral bendi gurlandan soň, Aral deňziniň duzlulygy düýpli peselende, kambala hem ýitip gitdi”.
Tomusda asman gaty ir ýagtylýar. Torlary gün dogmazdan öň barlamaly.
SÄHER
Göwnüme bolmasa, ýaňy irkilen ýalydyk, sagat gygyryp başlady. Seretsem 3:30: balyga gitmek taýýarlygynyň wagty geldi. Tastübekde doly ümsümlik höküm sürýärdi. Bu ýagdaý daň atmazyndan öň ýany bolýar, hatda howludaky itler we gijeki guşlar hem ýatýarlar.
Köne UAZ bizi silterläp, eýýäm tanyş ýolumyzdan alyp barýar. Hiç kimiň gürleşesi gelenok, şonuň üçin dymşyp barýarys. Howludaky tazy hem maşynyň yzyna düşdi, onuňam täze balykdan umydy bar. Kenarda eýýäm birnäçe balykçy ulaglary hatara düzülipdir. Belki-de, olar gijäni kenarda geçirendirlir.
Doganlar motory çykaryp, suw ädiklerini geýensoň, biz deňziň içine ugraýarys. On minut geçensoň, plastik çüýşeden ýasalan galtga ýüzgüji görnende, gaýyk ilkinji toruň duşunda saklandy. Seržan gaýygyň öňünde durup, çaltlyk bilen tory suwdan çykaryp başlady. Onuň gapdalynda duran Nuržan balyklary gaýygyň düýbüne zyňýardy. Ilkinji tor 18 sany kiçeňräk kepir balygyny berdi.
Ikinji tor balygy az berdi: şolar ýaly uly bolmadyk on kepir bilen iki sany töp balygy düşüpdir.
– Bu, elbetde, tomus pasly üçin kadaly zat – diýip, Seržan düşündirýär, ýöne onuň sesinde lapykeç bolmagyň alamaty syzylýar.
Biraz uzakda başga bir gaýyk deňiz tolkunyna çaýkanýar. Görnüşinden, bu günki bäsdeşleriň tutan awlary beýle baý däl.
Ýokarymyzda balyk almaga umyt edýän nebsewür çarlaklar aýlanýarlar, emma olar balyga topulmakdan gorkýar: gaýykda adam gaty köp. Doganlar torlaryny gaýtadan suwa taşlap, kenara tarap ýüzýär. Olaryň alnynda ýene-de oba aladalary bilen doly tutuş gün garaşýar.