Geçen aýda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazar deňziniň suwunyň aşaklamagy bilen baglylykda girizilen ýerli çäkdäki adatdan daşary ýagdaý awgust aýyna çenli uzaldyldy. Häkimiýetler muny suw howdanynyň töweregindäki ýagdaýyň kynçylygy bilen düşündirýärler. Ýerli ilat problemanyň çözgüdiniň soňa galdyrylmagynyň gurap barýan Aral deňziniň pajygasynyň gaýtalanmagyna getirip bilmeginden howatyrlanýar.
ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝ WE IŞDÄKI HELÄKÇILIK
200 müň ilaty bolan Aktau şäheri Hazar deňzinden suw alýar. Bu deňiz Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa hem Türkmenistan döwletleriniň arasynda bölünýär. 7-nji iýunda Aktau şäher häkimiýeti deňizde suwuň derejesiniň peselmegi sebäpli tebigy häsiýetli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Häkimiýetler bu çäreleriň Mangystau atom energiýa kombinatynyň (MAEK) işleýşine täsir etmejekdigini aýtdylar, ol kombinat deňiz suwuny arassalap, sebitiň ilatyny içimlik we tehniki suw, ýylylyk, elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
3-nji iýulda MAEK howdanda goşmaça suwuň çalt artmagy sebäpli 1-nji energiýa bölümi hatardan çykdy. Heläkçilik sebäpli Mangystau etrabynda we goňşy Atyrau etrabynda elektrik togy kesilip, müňlerçe adam suwsuz galdy. Elektrik togunyň kesilmegi sebäpli Atyrau nebiti gaýtadan işleýän kärhanada ýangyn döredi, soňra işde bökdençlik emele gelip, kärhanany togtatmaly boldy. Günbatar Gazagystanyň nebit-gaz pudagynyň birnäçe kärhanalarynyň işi bölekleýin ýa-da doly togtadyldy.
Gije-gündiz üstünde durlup, MAEK-de bejeriş işlerini geçirenden soň, gazak hökümeti kombinatyň işiniň dikeldilendigini mälim edip, muňa «jogapkär adamlaryň soraga çekiljekdigini» aýtdy. Emma soňra heläkçilik bolan energiýa bölüminde ýene-de bökdençlik ýüze çykdy we iş ýene bir gün saklandy.
DEŇZE GARAŞLY MAEK
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Hazar deňziniň suwy geçen asyryň dowamynda häli aşaklap, häli ýokary galypdyr. Ol 2005-nji ýyldan bäri Baltika sistemasynyň deňiz derejesinden, minus 29 metr aşak düşdi.
Aktauda käbir ýerlerde suw kenardan 30-60 metr, başga bir ýerde 100-200 metre çenli yza çekildi. Bu bolsa MAEK-iň Hazar deňzinden suw alýan kanalyna täsir edýär.
MAEK-iň baş direktorynyň birinji orunbasary Murat Igaliýewiň aýtmagyna görä, eger-de deňizde gaýtgyn dowam etse, kanala asla suw ýetmezlik howpy bar.
Igaliýew problemanyň öňüni almak üçin, kanaly arassalamagy we onuň aşagyny çuňlaşdyrmagy zerur hasaplaýar. Igaliýewiň aýtmagyna görä, häzir deňziň çuňlugyny kesgitlemek boýunça barlaglar alnyp barylýar we deňiz ekosistemasyna zyýan bermezlik üçin, haýsy enjamlary has dogry ulanmagyň mümkindigi öwrenilýär.
Geçen gyşda kombinaty suw bilen üpjün edýän kanal doňup, önümçilik güýjüniň azalmagyna getirdi. Hünärmenler deňiz suwunyň doňmagyny Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşdyrdylar. MAEK-iň ýolbaşçylary geljek gyşda hem suwuň doňup biljekdigine alada edýärler.
ÝALPAKLANÝAN ÝAKALAR
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, Hazar deňzine akýan Ural derýasynyň suwy peselýär. Ural derýasynyň aýagy deňziň demirgazyk bölegindäki iň ýalpak ýerde gutarýar. Halk arasynda oňa "deňziň bogazy" diýýärler.
Atyrau etrabynda söwda niýeti bilen balyk tutmak işleri 25-nji maýdan, 31-nji awgust aralygynda gadagan edilýär. Bu balygyň tohum taşlaýan we köpelýän döwri. Balyklar ýaz aýlarynda tohum taşlamak üçin, deňizden süýji suwly derýa gelip, soňra deňze dolanýarlar.
Hazar basseýniniň sebitleýin böleginiň ýolbaşçysynyň suw serişdelerini ulanmak we goramak baradaky başlygy Nurlybek Gaýsiniň aýtmagyna görä, golaýda geçirilen barlaglaryň netijesinde, Ural derýasynyň käbir ýerlerde, suwuň adam dyzyndan hem pesdigi ýüze çykaryldy. Derýanyň ortaça çuňlugy 50 santimetr, käbir ýerlerde ol 25 santimetr.
Gaýsin ýagdaýa 2021-nji ýyldan bäri syn edilýändigini, onuň gitdigiçe erbetleşýändigini aýdýar.
RUSSIÝANYŇ «EMELLERI»
Aktauly aktiwist Azamat Sarsenbaýew sosial ulgamlarda kenarýaka zolagyň wideosyny ýerleşdirip, Hazar deňziniň peselmek meselesine köpçüligiň ünsüni çekmäge çalyşýar.
— On ýyl mundan ozal biziň duran bu daşlarymyza ýetmek üçin, takmynan 200 metr ýüzmeli bolýardyk. Häzir görşüňiz ýaly, biz bu ýere pyýada geldik – diýýär.
Aktiwistiň pikirine görä, deňze akýan derýalaryň suwuň baglanmagy sebäpli Hazar deňzi yza çekilýär: ýokarky akymlarda köp mukdarda suw howdanlary we öndürijilik desgalary gurulýar hem suw köp harçlanýar.
— Garrylaryň aýtmagyna görä, Hazar deňzi 1977-nji ýyldan çekilip başlapdyr, soňra ýene dolupdyr, bu deňziň demi bolmaly diýýärler. Eýsem, şol döwürleri häzirki zaman bilen deňeşdirmek mümkinmi? 1977-nji ýylda ilatyň sany azdy, Wolga hem Ural ýakalarynda senagat desgalary azdy. Häzir suw howdanlary guruldy. Olar hem peselýär. Geçen 50 ýylyň içinde köp zat üýtgedi. Biziň suwy nädip ulanýandygymyz bilen baglanyşykly hem problemalar dar – diýip, Azamat aýdýar.
Gazagystanda Hazar meselesini hünär derejesinde öwrenýän institutlar ýok. "Ähli zat rus ylmy-barlag işlerine esaslanýar" diýip, Sarsenbaýew aýdýar.
Azamat şu tomsunda Azerbaýjana gidip, deňiz kenarynda ýaşaýan bakuwly ýaşaýjylar bilen söhbetdeş boldy. Aktiwist deňziň şol ýerde hem yza çekilýändigini aýdýar.
— Köpi görenleriň aýtmagyna görä, kä ýerde deňiz kenardan 50 metr yza çekilipdir, suwuň derejesi bolsa iki metr aşak düşüpdir. Bir gartaşan adam deňziň 20-30 ýyldan bäri aşak çekilýändigini aýtdy – diýip, Azamat Sarsenbaýew gürrüň berýär.
Geljekde ol Orsýete, Eýrana we Türkmenistana sapar edip, ol ýerde deňziň ýagdaýyny öz gözi bilen görmek, ýaşaýjylar bilen gürleşmek isleýär.
Mangystau oblastynyň EkoJer assosiýasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça sebitara geňeşiniň başlygy Kažymurat Haýruşewiň pikirine görä: deňziň çekilmeginiň sebäbini bilmek üçin, suwuň astyndaky tektonik prosesleri öwrenmeli.
— 10 ýyl mundan ozal iki derýadan deňze näçe suw gelendigini, indi näçeräk gelýänini bilmek zerurdyr – öňküden köpmi ýa-da az. Birinjiden, suw nirä gidýär – bugarýarmy ýa-da Garabogaz aýlagyna düşýärmi. Garabogaza näçe suw gidýändigini hiç kim aýtmaýar. Şu ikinji ýagdaýy bilmek zerurdyr. Üçünji pursat: ol köl hasaplansa, legeni ýada salmaly. Eger eliň bilen legeniň düýbüni biraz galdyrsaň, ondan suw ýaýrap, onuň doludygyny görkezer. Bakuwdan başlap, Kawkazda, tä Türkmenistana çenli suwuň astynda dag döremek prosesleri dowam edýär. Belki, aşakda ýer gatlaklary ýokary galyp, deňiz hem ýokarlanyp, ol doly suwly bolup görünýändir. Eger ýer ýokary galsa, deňiz hem giňelýär, eger ýer aşaklasa, deňiz kiçeler. Bizde deňziň dürli ýerlerinde, suwuň çuňlugyny görkezýän karta bar. Şol alamatlaryň kömegi bilen deňziň häzir ýokary galýandygyny ýa-da aşaklaýandygyny kesgitlemek mümkin. Deňziň çekilmeginiň sebäbi köp — diýip, Haýruşew aýdýar.
Gazagystanyň suw serişdeleri boýunça ozalky ministri, gidrotehnik inžener Nariman Kypşakbaýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, bu meselede Astananyň hereketlerini tankyt etdi. Ekspertiň aýtmagyna görä, olar serhetara suw resurslary meselesinde, Orsýetiň täsiri astynda durýarlar.
— Mysal üçin, Uralyň ýyllyk suw üpjünçiligi 11 mlliard kub metre barabardyr. Ondan ýedi-sekiz milliardy Hazar deňzine akýar. Galan üç milliardy Russiýanyň we Gazagystanyň halk hojalygyna sarp edilýär. Indi bolsa [Ekologiýa ministrliginiň ýanyndaky] serhetara derýalar edarasy: «Biz öz suwumyzy alýarys» diýýär. Olar täze dokumente gol çekdiler. Indi siz Russiýanyň emeline serediň. Olar suwy bilelikde Hazar deňzine ýetirmäge razylaşdylar. Eger-de suw Hazar deňzine ýetmese, biz Russiýadan deňziň suwunyň nirededigini sorardyk. Eger Hazar deňzine ýedi milliard kub metr suw akýan bolsa, onda Ural derýasy boşap galmazdy — diýip, tejribeli bilermen Kypşakbaýew aýdýar.
EKOLOGIÝA MINISTRLIGI ÝAGDAÝYŇ ÇYLŞYRYMLYDYGYNY YKRAR EDÝÄR: «PROBLEMA BAR»
Gazagystanyň Ekologiýa ministri Zülfiýa Süleýmenowa Hazar deňzine akýan derýalaryň suwunyň azalýandygyny, munuň netijesinde deňziň ýagdaýynyň ekosistema hökmünde "örän çylşyrymlydygyny" beýan etdi.
«Biz Hazar deňzine akýan derýalaryň ýagdaýyny görýäris. Her bir ýagdaýda islendik azalma, özgeriş, suwuň adam tarapyndan düzgünleşdirilmegi gös-göni täsir edýär. Ikinji ýagdaý – howanyň üýtgemegi. Ol derýalaryň gidrologik tebigatyna täsir edýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, biz az suwly ýyllary görýäris. Hazar deňziniň Gazagystan bölegi örän ýalpak kenarly hasaplanýar, ýakada suw tereň däl. Şoňa görä-de, biz suwy aşa köp ulanmagyň netijelerini görýäris. Mundan daşary-da, daşky ekzogen faktor hökmünde howanyň üýtgemegi ilkinji bolup durýar. Şonuň üçin, gynansagam, problema bar» diýip, Süleýmenowa mälim edýär.
SYÝAHATÇYLYGA ZARBA
Şu ýyl kenar ýakalary suw otlary sebäpli ýaşyl boldy. Käbir ýerlerde ýakymsyz ys hem bar. Hususy telekeçilere degişli ýerleriň ýaşyl ot-çöpüni olar öz güýji bilen arassalaýar.
Aktau şäheriniň ýerli ýaşaýjysy Samat Towmorinow tolkunyň üstünde taýýan serfing tagtalaryny kireýine berýär. Deňziň ýyl-ýyldan yza çekilmegi telekeçini biynjalyk edýär.
— Deňziň çekilmegi bilen çäge hem gidýär. Aşakdaky ýeriň daşly bolandygyna üns beriň. Bu ýerde ekosistema bilen bagly köp kynçylyk bolmagy mümkin, ýagny öň bu ýerde balyk has köp bolupdyr. Ähtimal, deňziň çekilmegi bilen baglylykda, bularyň bary ýitip gidýär hem üýtgeýär. Uly ýaşdakylar deňiz ýene dolanar diýýär, emma muňa ynanmak kyn – diýip, Towmorinow aýdýar.
Eger Hazar deňziniň meselesi gaýra goýulmazdan çözülmese, sebit agyr betbagtçylyga uçrar diýip, telekeçi aýdýar.
— Hazar deňziniň demirgazyk böleginiň iň ýalpak kenarynda, Aral deňzindäki ýagdaýyň gaýtalanmagy mümkin, deňziň bu böleginiň ortaça çuňlugy bary-ýogy dört metr — diýip, telekeçi gürrüň berýär.
«Ýaht-klub "Breeze”» jemgyýetçilik birleşiginiň başlygy Sergeý Kulkin 30 ýyl bäri Hazaryň kenarynda işleýär. Ol deňziň 2005-nji ýyldan yza çekilip başlandygyny aýdýar. Şondan bäri-de gämi duralgasy her ýyl 50 metr içeri süýşürilipdir. Munuň üçin ýylda bäş-alty million tenge gerek bolýar. «Bu biz üçin uly çykdajy» diýip, Kulkin belleýär.
— Şu möwsümde biz gämi duralgalaryň düýbündäki daşlary arassaladyk. Esasan hem deňiz gezelençleri katamaranlara – ýelkenli gämilere kyn düşýär. Geljek ýyl hem suw yza çekilse, katamaranlar kenarda galar – diýip, Kulkin aýdýar.
AKTAU BILEN KURYK PORTLARY
Hazar deňziniň üsti bilen Gazagystandan Azerbaýjana haryt daşalýan Aktau we Kuryk portlarynyň dolandyryş düzümleri deňiz suwunyň çekilmeginiň işe ýaramaz täsirini ýetirýändigini boýun alýarlar.
Aktau halkara deňiz söwda portunyň başlygy Abaý Turikpenbaýewiň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli deňiz derejesiniň möçberi 30 santimetr aşaklapdyr, ondan öň bolsa her ýylda 5-10 santimetr aşak düşýän eken.
Turikpenbaýew Gazagystanda deňziň ýalpaklaşmagynyň sebäplerini öwrenýän, barlag institutlarynyň bolmazlygyna gynanýar. Şonuň üçin ol rus alymlarynyň çaklamalaryna ýüz tutmaga mejbur bolýar, olar bolsa geçen ýylyň eýýäm belli sanlaryny şu ýyl berdiler.
— Eger deňiz peselmegini dowam etdirse, gämileriň ýük göterip gatnamagy üçin, deňziň düýbüni çuňlaşdyrmaly bolar. Şu wagta çenli ýagdaý diňe nebit tankerlerine täsir edýär. Olar ýeterlik ýüklenip bilmeýärler – diýip, Abaý Turikpenbaýew aýdýar.
"Kuryk Porty" kompaniýasynyň baş direktory Serik Ahmetow geçen üç ýylyň içinde, ýükleri daşamagyň möçberiniň artandygyny belledi. Ol muny koronawirus pandemiýasy we häzirki geosyýasy üýtgeşmeler bilen baglanyşdyrýar.
— Deňziň ýalpaklaşmagy bize täsir edýär. Bizde deňiz düýbi [Kuryk portunda] çuň, elbetde, bu gowy. Sebäbi Kuryk täze portlaryň biridir. Portuň taslamasyny işläp taýýarlanymyzda, biz 6,5 metr çuňlugy nazarda tutduk. Deňiz öňki derejesine geler diýen çaklama bar. Muňa garşylykly çaklama hem bar. Ýöne biz elimizi gowşuryp oturyp bilmeris. Biz häzir deňiz düýbüni gazmak işleri bilen meşgullanýan Belgiýanyň we Gresiýanyň kompaniýalary
bilen gepleşik geçirýäris. Biz alty aý bäri bu mesele bilen gyzyklanýarys. Deňziň düýbi gaty, onuň çuňlugyny öwreneris hem taslama-barlag işlerini geçireris — diýip, Ahmetow aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.