Birleşen Ştatlar 2-nji dekabrda Ukraina üçin 725 million dollarlyk täze harby kömek bukjasyny yglan etdi.
Täze bukja ýokary çeýelikli artilleriýa raketa ulgamlaryny (HIMARS) we beýleki artilleriýa ulgamlaryny, Stinger raketalaryny we pilotsyz uçarlar üçin raketalary we ok-därileri öz içine alar.
Birleşen Ştatlar geçen aý ilkinji gezek gury ýer minalarynyň iberilendigini yglan etdi. ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin munuň zerur bolandygyny, sebäbi rus güýçleriniň öz ilerlemelerinde ulaglara derek çalasyn hereket edýän pyýada goşun bölümlerini ulanýandygyny aýtdy.
Ukrain goragçylary "bu tagallany haýallatmaga kömek edip biljek zatlara mätäç" diýip, Ostin aýtdy.
Baýden administrasiýasy, saýlanan prezident Donald Tramp işe başlamazyndan öň, Kiýewe has köp kömek bermek çärelerini görýär.