Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Russiýa arasyndaky taryhy tussag alyş-çalşygynda Kurmaşewa, Gerşkowiç, Whelan hem bar


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewa
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewa

Birleşen Ştatlar, Russiýa we başga-da birnäçe döwlet, Sowuk urşy döwründen bäri iň köpçülikleýin tussag alyş-çalşygyny geçirdiler. Onuň çäginde 16 adam, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewa, Wall Street Journal neşiriniň habarçysy Ewan Gerşkowiç we Miçigan korporatiw howpsuzlygynyň dolandyryjysy Paul Whelan rus türmesinden boşadyldy. Bularyň üçüsi hem özlerine bildirilen aýyplamalary çürt-kesik ret etdiler. Alyş-çalşygyň çäginde sekiz russiýaly watanyna dolandy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji awgustda Ak Tamda eden çykyşynda bu baradaky ylalaşygyň diplomatiýanyň üsti bilen amal etmek mümkin bolandygyny aýtdy.

Baýden Kurmaşewanyň, Gerşkowiçiň we Whelanyň üçüsiniň hem Russiýada “içalyçylykda nähak aýyplanandygyny” belledi.

Russiýadaky tussaglykdan boşadylanlaryň käbir maşgala agzalary hem Baýdeniň metbugat-ýygnagyna goşuldylar. Olaryň arasynda, AÝ/AR-a işleýän Kurmaşewanyň adamsy Pawel Butorin, we olaryň iki gyzy – Bibi we Miriam hem bardy.

(çepde) Kurmaşewanyň adamsy Pawel Butorin, we olaryň iki gyzy – Bibi we Miriam hem prezident Baýdeniň geçiren metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.
(çepde) Kurmaşewanyň adamsy Pawel Butorin, we olaryň iki gyzy – Bibi we Miriam hem prezident Baýdeniň geçiren metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.

Baýden tussag alyş-çalşygyny geçirmek babatynda Germaniýanyň “uly oňşuklyklara” gidendigini, 2019-njy ýylda Berlinde ozalky çeçen söweşijisini öldürmekde günäli tapylan FSB-niň polkownigi Wadim Krasikowy tussaglykdan boşadandygyny belledi.

“Germaniýa, Polşa, Sloweniýa, Norwegiýa we Türkiýe biziň bilen durdy” diýip, Baýden nygtady.

Forum

XS
SM
MD
LG