Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri


Bezeg suraty. Waşington, Kolumbiýa okrugy. Birleşen Ştatlar
Bezeg suraty. Waşington, Kolumbiýa okrugy. Birleşen Ştatlar

ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady özüniň täze ýurdundaky durmuş tejribeleri barada Dünýä Türkmenleri programmasyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy, žurnalist Şamerdanguly Myrady “Talyban” topary 2021-nji ýylyň awgustynda Kabulda häkimiýeti ele geçirenden soňra, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, Owganystany terk etdi we biraz soň Birleşen Ştatlara göçüp bardy.

Ol ençeme ýyllaryň dowamynda Demirgazyk Owganystanda bolup geçýän wakalar, bu sebitlerde ýaşaýan halklaryň, şol sanda etniki türkmenleriň hal-ahwaly, ýaşaýyş-durmuş şertleri barada Azatlyk Radiosynyň diňleýjilerine habar berýärdi.

Dünýä Türkmenleri ABŞ-da ýaşaýan türkmen žurnalisti bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Žurnalist telefon söhbetdeşliginiň dowamynda täze ýurduň ýaşaýyş-durmuş şertleri, bu ýurtda kemala gelýän türkmen diasporasynyň ýagdaýy we Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň hal-ahwaly barada öz pikirlerini paýlaşdy.

DT: ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG