Birleşen Ştatlar 10-njy dekabrda doňdurylan rus emläklerinden alnan girdejiler esasynda Ukraina 20 milliard dollar karz berendigini aýtdy.
Bu serişde G7 toparynyň, senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediliginiň şu tomusda ylalaşylan 50 milliard dollarlyk goldaw bukjasynyň bir bölegi bolup durýar.
Baýden administrasiýasy, saýlanan prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirip-etmejekdigi baradaky aladalaryň arasynda, karz serişdelerini ýylyň ahyryna çenli eltip bermek wadasyny berdi.
20-nji ýanwarda işe girişjek Tramp ABŞ-nyň Ukraina berýän kömeginiň mukdaryny birnäçe gezek tankyt etdi, ýöne ol lend-lease, ýagny karz-kärende programmasyny goldajakdygyny aýtdy.
Ukraina indi üçünji ýylylyna giren uruşda rus çozuşyny togtatmak meselesinde ABŞ-nyň we Ýewropanyň berýän harby, maliýe kömegine köp derejede garaşly bolup durýar.
ABŞ-nyň Ukraina berýän 61 milliard dollarlyk kömek bukjasy aprel aýynda tassyklandy. Bu 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan urşuň başyndan bäri berilýän bäşinji kömek bukjasy bolýar. Ýöne ol indiki ýylyň başynda harçlanyp gutaryljaga çalym edýär.
"Russiýanyň hereketsiz emläklerinden gazanylan girdejiler esasynda tölenen serişdeler Ukraina özüni sebäpsiz başlanan agressiýa urşundan goramakda aýgytly goldaw bolar" diýip, ABŞ-nyň gazna sekretary Janet Ýellen 10-njy dekabrda eden beýanatynda aýtdy.