Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamyza «Howo» geldi...


Hytaýyň «Sinotruk Howo» korporasiýasy tarapyndan öndürilýän bu ulaglaryň kuzowasy 28 kub metre barabar bolup, onuň ýük göterijilik kuwwaty 45 tonnadyr.
Hytaýyň «Sinotruk Howo» korporasiýasy tarapyndan öndürilýän bu ulaglaryň kuzowasy 28 kub metre barabar bolup, onuň ýük göterijilik kuwwaty 45 tonnadyr.
Ilat arasynda tas nakyla öwrülen bu degişmäniň her dürli aýdylyşy bar. «Obamyza 'Howo' geldi, 'Kamazlarymyz' toba geldi», «'Howo' geldi oba, 'Kamaz' geldi toba» hem diýilýär. «Howo» ýük maşyny türkmenleriň durmuşyna belli bir derejede öz täsirini ýetirip bildi.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, ýurt gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Äpet gurluşyk desgalary diňe bir paýtagtda däl, eýsem her bir welaýatda alnyp barylýar. Bu gün gurluşyk işleriniň gidýän ýerlerine ýük daşaýan awtoulaglara syn edeniňde garynjalaryň hereketi biygtyýar ýadyňa düşýär.

Gurluşyklaryň esasy bölegi Aşgabatda alnyp barlansoň, paýtagtyň köçelerinde gatnaýan äpet ýük ulaglaryna her ädimde duşmak bolýar. Olaryň arasynda «KamAZ» hem bar, «MAZ» hem bar. Ýöne, has köprägi Hytaýda öndürilen «Howo» maşynlarydyr. Bu maşynlaryň daş keşbi hem beýleki ýük daşaýjy ulaglardan haýbatly.

«Howo» has kuwwatly

Hytaýyň «Sinotruk Howo» korporasiýasy tarapyndan öndürilýän bu ulaglaryň kuzowasy 28 kub metre barabar bolup, onuň ýük göterijilik kuwwaty 45 tonnadyr. Eger Orsýetiň «KamAZlary» ortaça 15 tonna, Belarusyň «MAZlary» 20 tonna ýük göterýän bolsa, «Howonyň» kuwwatynyň nähilidigi derejede ýokarydygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

Türkmenistanda Hytaýdan getirilýän bu äpet ulaglaryň aglabasy hususydyr. Ulaglaryň bahasy ortaça 60 müň amerikan dollary. «Howonyň» bahasynyň şeýle ýokarydygyna garamazdan, bu äpet ýük ulagyny ikiden, üçden, hatda bäş-altydan saklaýan adamlar hem bar. Olar bu ulaglary kärendesine berip, pul alýarlar.

«Howo» ulaglaryny kärendesine alyp, gurluşyk firmalary üçin ýük çekýänler ortaça 500 amerikan dollaryny alýarlar. Bu ulagy özi satyn alyp, ýük çekýänleriň bolsa bir aýda ortaça iki müň, iki ýarym müň amerikan dollaryny gazanmagy başarýandyklaryny aýdýarlar.

Gurluşyk desgalaryna ýük çekmek potrat görnüşinde bolansoň, iş haky hem çekýän ýüküňe bagly bolup durýar. Näçe köp ýük çekdigiňçe, şonça-da girdejiň artmak bilen bolýar. Şonuň üçin «Howo» ulagy beýleki ýük daşaýjy ulaglara garanyňda düşewündi köp getirýän ulagdyr.

«Howonyň» ýük göterijiliginiň ony öndürýän kärhana tarapyndan 45 tonna diýlip kesgitlenendigine garamazdan, ulag eýeleri bu maşynlara 10-15 tonna gereginden artyk ýüki urdurýarlar. Ýüküň gereginden artyk urulmagy ulaglary tiz hatardan çykarýar.

«Howonyň» getirýän zyýanlary

«Howo» ulaglary gurluşyk firmalaryna ýük daşamakda uly ýardamçy bolsa-da, onuň ilata ýetirýän zyýanlary hem ýok däl. Gabarasy äpet bolansoň, paýtagtyň köçelerinde bu ulaglar dykynlaryň döremegine getirýär. Mundan başga-da, ýük ulaglarynyň daşaýan çagyllary paýtagtyň köçelerini hapalaýar.

Adam pidalaryna getirýän ýol hadysalarynyň köpüsinde hem «Howo» ulagy sebäp bolýar. Çünki bir günde has köpräk düşewünt almak isleýän sürüjiler ulaglaryny bellenilen çäkden çykaryp sürýärler. Uly tizlikde gelýän 60 tonna ýükli «Howo» ulagynyň ýeňil maşyny çalarajyk kakyp geçmegi-de adam pidasyna getirip bilýär. Ýollarda bu äpet ulagyň ýeňil maşyny kakyp, ony mynjyradýan halatlaryna-da az duşulmaýar.

Gurluşyk firmalaryna özleriniň hususy «KamAZ», «MAZ» ýaly ulaglarynda ýük çekýän sürüjiler «Howo» ulaglary sebäpli kösençlikleri başdan geçirýärler. Çagyl ýüklenýän känlerde «Howo» ulaglarynyň köpüsi binobat ýük alyp gidýärler. Olaryň bu hereketlerine bellik etmäge hiç kimde ygtyýar ýok. Sebäbi «Howolaryň» eýeleriniň köpüsi gaty täsirli adamlar bolansoň, kän (karýer) eýeleri bu ulaglary binobat goýberýärler. Şeýle ýagdaýlar sebäpli «KamAZ», «MAZ» ýaly ulaglarda ýük çekýän sürüjileriň ýük almak üçin ýarym günläp nobatyna garaşýan wagtlary az bolmaýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG